Ösümlikleri gidroponika usuly arkaly köpeltmegiň usullary

Oba hojalyk önümçiliginde, oba we şäher ilatynyň ýaşaýşyna zerur suwuň mukdaryny üpjün etmek bütün dünýäde derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Dünýäniň käbir sebitinde suw gorlarynyň ýetmezçilik edýän ýerleri bardyr. Suw gorlaryny netijeli dolandyrmak oba hojalygynyň gazanan uly üstünligidir. Ekerançylygyň adaty görnüşi bilen deňeşdirilende, gidroponikada 5 esse az sarp edilýär.

Gidroponika sözi grekçedäki “hydro”-suw we “ponos”-iş, zähmet diýmegi aňladyp, terjime edilende “işleýän suw” manysyny berýär. Gidroponika usuly ilkinji gezek biziň eýýamymyzdan 600 ýyl ozal gadymy Wawilonda ulanylypdyr. Meşhur Semiramida asma baglary onuň aýdyň mysalydyr.

Gidroponika – ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň netijeli usulydyr. Ösümlikler gidropon usulynda ösdürilip ýetişdirilende dökünleriň ýitgisi ep-esli azalýar, suw-howa düzgünleri amatly bolýar we kökden iýmitlenme kämilleşýär.

Gidropon usullarynda ösümlikler ösdürilip ýetişdirilende, iýmitli erginiň üstki çyglandyrma we substratlaryň aşagyndaky boşluklara berilmegi arkaly amala aşyrylýar. Üstki çyglandyrmada iýmitli ergin substratlaryň üstünden akym ýa-da damjalar arkaly üpjün edilýär.

Gidroponikada 2-3 aýyň dowamynda çüýrän ösümligiň kökleri we galyndylarynyň köpelip substratlarda toplanmagy bilen, olaryň zäherli önümi ýaş ösümligiň ösüşini gysýar.Netijede, geljekki hasyla we onyň hiline ýaramaz täsirini ýetirýär.

Substratlar güýçli okislendirijiler, aşgarlar we kislotalar bilen işlenilende, çüýrän ösümligiň kökleri we galyndylarynyň zyýanly täsirleri aradan aýrylýar.Substratlar hlorly suw (işjeň hloryň konsentrasiýasy 1,5-2g/l) bilen işlenilende gowy netijeler berýär.

Meretjan Arazow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Näme üçin bir sagat ýüz däl-de, altmyş minut. Şeýle hem bir gün näme üçin 24 sagat?
Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar
Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy
Altyndepe ösen senetçiligiň we ybadathanalaryň merkezidir