Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler Aşgabadyň käbir sebitlerinde hem ýaýraýar

Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler Aşgabadyň käbir sebitlerinde hem ýaýraýar

Ilkibada Mary welaýatynda peýda bolan, soňra Ahal welaýatyna çenli baryp ýeten ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň köpçülikleýin ýaýramagy indi paýtagt Aşgabadyň käbir sebitlerine hem gelip ýetdi.

Agymtyl reňkdäki bu mör-möjekleriň ilata döredýän oňaýsyzlyklary barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.

“Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly we Garadamak ýaşaýyş toplumlarynyň köçelerinde we baglarynda möjegiň köplüginden ýaňa barmak basmaga ýer ýok ýerler köpelýär” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şu günler bu ýaşaýyş toplumlarynda baglaryň şahalary we yşyklandyryş diňleri bilen bir hatarda, elektrik geçiriji simleriň tas ählisini mör-möjekleriň gaplandygyny görse bolýar.

“Tok geçirijilerdäki mör-möjekler kilometrlerçe uzynlyga çenli hatara düzülen” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Mör-möjekler jaýyň äpişgelerinden, gapylaryndan we howa çekiji turbalaryndan öýüň içine girýärler. Ilat gapylaryny we äpişgelerini açman, gijelerine asla çyra ýakman, olaryň öýüň içine girmeginiň öňüni almaga çalyşýarlar.

“Adamlar hususy jaýlaryny şemallatmak üçin äpişgelerini we gapysyny açmaga zar galdylar” diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, mör-möjekleriň günsaýyn köpelip, has köp meýdana ýaýraýandygyna garamazdan, ýerli häkimiýetler tarapyndan hiç hili çäre görülmeýär.

“Ilatyň ýerli häkimliklere edýän ýüzlenmelerine garamazdan, hiç kim ilatyň ýaşaýyş ýerlerini dermanlamaga howlukmaýar” diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylar häkimligiň wekilleriniň döwlet binalarynyň, şol sanda prezidentiň köşgüniň we ministrlikleriň binalarynyň daş-töweregini himiki serişdeler bilen dermanlaýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, bu tebigy ýagdaý bilen özbaşdak göreşmäge mejbur bolýan ýaşaýjylaryň käbirleri ýerli mollalardan “haraý” gözleýärler.

“Adamlar mollalara bu mör-möjege garşy doga okadyp, olardan dynmaga çalyşýarlar. Ýöne mollalar bu tebigy hadysany “adamlaryň dinden daş düşüp, ýokarky güýjüň duýduryş alamaty” atlandyrýarlar we ilaty howatyrlandyrýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, bu mollalaryň mör-möjekleriň köpelmegini dine çagyryş etmek üçin ulanýandygy baradaky sözleri hakda Türkmenistanyň müftüliginden maglumat almak başartmady.

Şeýle-de, bu “duýduryşlar” diňe käbir dini wekillerine degişli bolup, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan beýleki mollalar bu garaýyş bilen ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar.

Mör-möjekleriň Aşgabadyň käbir ýaşaýyş toplumlarynda ýaýraýandygy sosial ulgamlarda hem yzygiderli wideolar paýlaşylýar.

Soňky bir hepdäniň dowamynda köpelýän bu wideolaryň käbirinde sosial media ulanyjylary “mör-möjeklere suw guýsaň-da ölmeýändigini aýdyp, ondan nädip dynmalydygy barada” raýatlardan maslahat soraýarlar.

Ýene bir sosial media ulanyjysy bolsa, wideoda “bu mör-möjekleriň sag-amanja Bagyra hem gelendigini” aýdyp, jaýynyň tas tutuş diwarynyň bulardan doludygyny görkezýär.

Käbir ulanyjylar bolsa, mör-möjeklere garşy käbir himiki serişdeleri satyn almagy maslahat berýärler.

Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler mundan bir ýarym aý çemesi ozal Marynyň günorta etraplarynda peýda bolup, köpçülikleýin ýaýrap başlady. Mundan bir aý çemesi ozal bolsa, bular Ahalyň Tejen welaýatyna gelip ýetdi. Mör-möjekler adamlary çakmasa-da, olar uklap ýatan adamlaryň, şol sanda çagalaryň gulagyna girip, biynjalyk edýär.

Häkimiýetler bu tebigy ýagdaýy boýun alyp, resmi duýduryş ýaýratmaýar. Adatça bolşy ýaly bu barada resmi media hem dymýar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Bagtyýarlyk etrap häkimligi, şeýle-de sebitiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň eteginde tok 'bökýär'. Ýaşaýjylaryň hojalyk enjamlaryny goramak aladasy artýar
Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
TFF-niň kubogy: 1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri we başlanjak wagtlary belli boldy
Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty başlandy, Aşgabat seýilgähinde Puşkiniň doglan güni bellenildi, türkmen lukmanlary Owganystandaky ynsanperwer missiýanyň çäklerinde 700-den gowrak adama kömek berdiler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler
Gulbaba Akyýewi ýatlap