Tiz garbanyşhanalaryň iri zynjyrlary satuwlaryň azalmagy hem-de müşderileriň kemelmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular diýip, Gazeta.ru habar berdi. Mysal üçin, şu ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-daky McDonald's zynjyrynyň satuwlary 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 0,7 göterim kemeldi. Umumy dünýä satuwlary bolsa 1 göterim pese gaçdy.
Burger King, Wendy's we beýleki meşhur zynjyrlar hem müşderileriň azalýandygyny belleýärler. KFC we Pizza Hut zynjyrlarynyň eýesi bolan Yum! Brands kompaniýasynyň paýnamalary 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 4 göterim arzanlady.
Bilermenler günbatar fastfudynyň kynçylyklaryny önümleriň gymmatlamagy, iýmitiň hiline talabyň ýokarlanmagy hem-de sagdyn durmuşa ünsüň ýokarlanmagy bilen baglaýarlar.
Tizbähim naharlaryň geljegi ösýän ýurtlarda diýip, Russiýanyň Maliýe uniwersitetiniň durmuş-ykdysady ylmy-barlaglar institutynyň direktory Alekseý Zubes gürrüň berýär.
Şol bir wagtda Russiýada fastfudyň bazarynyň her ýyl 20 göterim ösüş görkezýändigi habarda bellenýär.