ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY

ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Arkadagymyzyň nusgalyk ýolundan ýöräp, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerine uly üns bermegi bizi diýseň buýsandyrýar.Milli mirasy öwrenmekde, halypa-şägirtlik mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň millilige ýugrulan kitaplary bize ebedi mekdepdir.

Türkmen halkynyň baý aýdym-saz döredijiligi bar.Alyslardan dowam edip gelýän bagşyçylyk sungatynyň şu günlere gelip ýetmeginde bagşy-sazandalarymyzyň taýsyz tagallasy bardyr.Halypalaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýitirmän, dowam etdirip gelýän bagşylara buýsanjyň çäksizdir. Şeýle bagşylarymyzyň biri Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Annaýewdir.

Ol 1908-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda dünýä inýär.Onuň il içindäki ýörgünli ady Amansaçly bolupdyr.

Köplere nusga bolan Aman Annaýewi hatyralap, 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 21-inde Mary welaýat Baýramaly şäher medeniýet merkeziniň guramagynda “Halypa hormat” ady bilen bagşynyň doglan gününiň 115 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi.

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Annaýewiň ömri-döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabaranyň çäginde türkmen milli aýdym-saz sungatyna bagyşlanan suratlaryň sergisi hem guraldy.Halk hakydasynda baky ýaşaýan bagşynyň suratlary sergide mynasyp orun eýeledi.

Bu dabara medeniýet-sungat işgärleri, bagşylar gatnaşdylar.Bagşynyň ömür ýoly, ýerine ýetiren aýdymlary, halypalyk mekdebi baradaky çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, bagşynyň şägirdi Amangeldi Agamyradow dagylar çykyş edip, Aman Annaýewiň türkmen bagşyçylyk sungatynda bitiren hyzmatlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Amansaçly bagşydan tälim alan Amangeldi Agamyradow halypasynyň akaba ýoluny dowam etdirip, birnäçe şägirtleri ýetişdirdi. Olardan Baýramaly etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Kerim Kakageldiýewi hem-de Kerim Pirnepesowy görkezmek bolar.

Bagşy baradaky gyzykly ýatlama sahypamyzyň üstüni türkmen milli aýdym-saz sungatyny öwreniji Akmuhammet Aşyryň ,,Kyrklar” atly kitabyndaky maglumatlar bilen ýetiresimiz gelýär.

Aman Annaýew bagşyçylygyň ilkinji tälimlerini Mary, Wekil sebitleriniň meşhur bagşylarynyň biri bolan Agajan arykdan alýar. Onuň ilki aýdan aýdymlary gargy tüýdügiň ýanynda aýdylýan aýdymlar bolup, dutar çalmagy soň öwrenipdir.

Agajan arykdan soň ol Garly Ilaman, Oraz Salyr ýaly ussatlaryň bagşyçylyk göreldelerine eýerýär.Türkmenistanyň halk bagşylary Sahy Jepbar, Oraz Salyr, bagşy Oraz Sopy, Orazberdi Gurbanmyrat, Berdi Öwezmyrat dagy bilen ýaş esgerleriň arasynda we medeniýet öýlerinde bagşyçylyk edip hem gezýär.

Aman Anna uzak ýyllaryň dowamynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Drama teatrynyň bagşylar topary bilen bile işleýär.Obalara aýlanyp, bagşyçylyk edýär.Teatrda bagşyçylyk eden ýyllary ol ýerde meşhur bagşylar Girman bagşy, Gurbanöwez Agajan, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Anna Babajan, sazanda Ýazgeldi Kuwwat dagy bilen artistlere goşulyp, dürli ýerlere gidip, aýdym aýdar eken.Ol köp ýyllap Baýramaly etrabynda ýaşaýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe bolsa, esgerlere medeni taýdan hyzmat etmek üçin ýörite guralan toparlara goşulýar.

Onuň aýdymlary ellinji ýyllaryň başlarynda radio ýaýlymlarynda ýygy-ýygydan ýaňlanyp ugraýar. 1946-njy ýylda Aman Annanyň aýtmagynda Ýedi manzar we Näzliniň ýaly aýdymy Daşkendiň saz söýüjileri tarapyndan gramplastinka ýazylyp alynýar.

Onuň joşup aýdan Gurban bolaýyn, Hajygolak, Balam seni, Teşnit ýaly aýdymlary bolsa, ellinji ýyllarda Türkmenistan radiosy üçin ýörite ýazga alynýar.

1967-nji ýylda telewideniýe üçin Aman Annadan ýene iki aýdym ýazylyp alynýar. Şol ýazylyp alnan Owal we Ýedi manzar atly aýdymlary mawy ekranda ýaňlanyp, ussat bagşy Aman Annanyň keşbini görkezip, halka lezzet paýlap gelýär.

Aman Annanyň uzak ýyllaryň dowamynda halka eden asylly hyzmatlary nazarda tutulyp, oňa 1964-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy” diýen hormatly at dakylýar. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Annaýew 1976-njy ýylda aradan çykýar. Ol biziň bagşyçylyk sungatymyzda uly yz galdyryp giden halypalaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
“Wah, siz aýallar…” spektaklynyň premýerasy boldy
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti