Önümlerde işçi yhlasy bar

Önümlerde işçi yhlasy bar

Dokma senagaty ýurdumyzyň senagat toplumynyň wajyp pudaklarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň birnäçesi welaýatlaryň çäklerinde gurlup, ulanylmaga berildi. Şolaryň biri hem Türkmenabatda ýerleşýän pamyk egriji fabrikdir.

Dokma senagaty kärhanalarynyň giden bir hatary bu günki gün welaýatyň ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýar.Pudakdaky häzirki ösüşler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda welaýatlaryň ählisini gyradeň ösdürmek babatynda amala aşyrylýan syýasatyň rowaçlygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar.

Bäsleşige ukyply döwrebap önümçilik düzüminiň emele gelmeginiň netijesinde dokma önümleriniň öndürilişi soňky ýyllarda onlarça esse artdy.Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlere dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirýärler.

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde bolan mahalyňda hem, dünýäni özüne imrindirýän nah ýüplükleriň awtomatlaşdyrylan usulda öndürilişini guwanç bilen synlaýarsyň.Sehleriň arassalygy, işleri bilen gümra ykjam we göze gelüwli işçi geýimlerindäki hünärmenleriň sazlaşykly hereketleri kärhana bilen baglanyşykly döreýän täsirleri baýlaşdyrýar.

Kärhananyň owadan keşbini hem göwnüýetijilik bilen synlamazlyk mümkin däl.Giň we ýagty, dokmaçylyk boýunça dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň ýerleşýän binalary dokma senagatynda bolup geçen oňyn özgerişlikleriň ýakymly beýany bolup görünýär. Şeýle düşünje innowasiýalaryň esasynda işleýän kärhanada her ädimde döreýär.

Esasy binada ýokary hilli nah ýüplükleriň önümçiligi ýerleşýär.Awtomatlaşdyrylan enjamlarda dürli ölçeglerdäki ýüplükler birenaýy tertipde emele gelýär, haýran galdyryjy yzygiderlilikde taýýar önüm derejesine ýetirilýär.Her hatarda bu işe ýöriteleşdirilen enjamlar kompýuter tehnologiýalary arkaly dolandyrylýar.

Pikir edişimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň gurduran döwrebap kärhanasynda işlemegiň uly bagtdygyny zähmet adamlarynyň şadyýan we buýsançly bakýan garaýyşlary-da aýdyp dur.Lezzet berýän iş ýerlerine höwes bilen gelýän hünärmenler gündelik iş paýlaryny-da artygy bilen ýerine ýetirýärler. Çig malyň ýeterli bolmagy işi bökdemeýär.

Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän dokma senagaty düzümleriniň hatarynda Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň ady hormat bilen tutulýar.Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda durky täzelenilip, 2014-nji ýylyň fewralynda işe girizilen kärhana täzeçe işläp başlady.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizilen şol gün döwrebap fabrigiň taryhynda ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Şol günden bäri kärhana welaýatyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşup gelýär.

Bu kärhananyň şu günlerdäki sazlaşykly işleri hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan özgerişlikleriň ajaýyp miwesini berýändigini aýdyň görkezýär.

Kämil tilsimatlar ornaşdyrylan döwrebap önümçilik bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleriň buýrujylaryň isleglerini birkemsiz kanagatlandyrmagy üpjün edýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda pamyk egriji fabrigiň işçileri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň has köp möçberde öndürilmegini gazanýarlar. Işçileriň yhlasy siňen önümler ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli meýillerini alyslardaky halklaryň hem kalbyna ýetirýär. Sebäbi fabrigiň önümleriniň 80 göterimden gowragy daşary ýurtlara eksporta ugradylýar.

Kärhana boýunça geçen ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilendigini göz öňünde tutsaň, eksporta iberilen önümlerden gelýän girdejiniň hem az däldigi barada pikirlenýärsiň.

Kärhanada Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji aýy hem ýokary görkezijilere beslendi. Ýanwar aýynda 272 tonna nah ýüplük öndürildi. Munuň özi meýilleşdirileninden ep-esli köpdür. Başgaça aýdanyňda, 1 million 894 müň 200 manatlygyň ýerine 3 million 230 müň 200 manatlyk önüm öndürildi.

Kärhana senagat pudagynda uly iş tejribesi bolan başarjaň zenan Nargül Abdyýewa ýolbaşçylyk edip ugranyndan bäri zähmet görkezijileri has ýokarlanyp ugrady.Hünärmenler bilen işi sazlaşykly guramagyň hötdesinden gelýän guramaçy zenan ondan öňinçä Türkmenabadyň tikin fabrigine ýolbaşçylyk edip, kärhanany öňdebaryjylaryň hataryna ýetirdi.

Mylaýym we talapkär ýolbaşçy zähmet adamlaryny üstünliklere ruhlandyrýan iş usullaryny öňe sürýär.Işçileriň zähmet şertleriniň kadaly bolmagyny ünsden düşürmeýär.Islendik mesele bilen ýanyna geleni diňläp, göwne laýyk çözgütleri hem kabul edýär.

Bu bolsa zähmet adamlarynyň arasynda oňa bolan hormat-sylagy beýgeldýär.Geçen ýyly şowly jemlän kärhananyň zähmet adamlarynyň täze ýyly hem ýokary netijelere beslejekdiklerini ynam bilen aýtsa bolar.Olaryň şu günlerde çekýän yhlasly zähmetleri munuň şeýle boljakdygyna güwä geçýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

ýörite habarçymyz.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20987

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatdaky pamyk egriji fabrikde öndürilýän önümleriň eksporty artýar
16-17-nji noýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Döwrebaplaşdyrmak we marketing gurluşyk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarydyr
“Çelsi” gol bolup ýagdy
Türkmenistanda jemgyýetde ynsanperwerlik we agzybirlik terbiýesini bermek boýunça okuwlar geçirilýär
“Barselona” arany açýar