Önümçilik kärhanalaryny köpeldýär

Mälim bolşy ýaly, Apple kompaniýasynyň önümçilik desgalarynyň köp bölegi Hytaýda ýerleşýär.Amerikan kompaniýasynyň Hindistanda hem zawody bar.Kompaniýa mundan beýläk Wýetnamda hem önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýanyň Hindistandaky önümçiligi artdyrylar.

Apple-iň harytlary Foxconn hem-de Pegatron kompaniýalarynyň zawodlarynda öndürilýär.Mundan soňra guruljak kärhanalarda, esasan, täze harytlar öndüriler. Şeýle hem täze guruljak zawodlarda hyýaly hakykat (AR) äýnekleri ýaly dürli enjamlar öndüriler.

Apple birnäçe ýyldan bäri dünýäniň iň gymmat bahaly tehnologiýa brendi hasaplanýar.

Abadan REÝSOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
Apple Hindistanda zawod gurar
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
ABŞ Kongresiniň öňki wekili: Baýden dünýäni ýadro urşuna alyp barýar
103 ýaşynda paraşýutdan bökdi
Şwesiýaly aýal 103 ýaşynda paraşýut bilen böküp dünýä rekordyny täzeledi