Mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň adaty ýangyçlary ýakmaýandygy sebäpli daşky gurşaw üçin zyýansyzdygy aýdylýar.Emma ulagy öndürmek üçin hem ummasyz energiýa sarp edilýär. “Polestar” atly kompaniýa ulagyň önümçilik prosesinde hem howany hapalamaýan çözgüdi taýýarlady. Şwed kompaniýasy bu maksada 2030-njy ýylda ýetiljekdigini belleýär. 1995-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa 2015-nji ýylda “Volvo” kompaniýasyna goşuldy.
Häzirki wagtda iri kompaniýalar önümçilik sebäpli tebigata ýetirilýän zyýany agaç ekmek arkaly dikeltmäge goşant goşýarlar. “Polestar”-yň ýolbaşçysy Fredrika Klaren bolsa, öz ulaglarynyň hereket edýän wagtynda howany hapalamaýandygyny, muňa garamazdan, önümçilik wagtynda ýetirilen zyýany azaltmagy maksat edinýändiklerini belleýär.
Awtoulag öndürijileri bilen bir hatarda “Apple”, “Microsoft” ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary önümçilik desgalarynyň üstüni Gün panelleri bilen örtüp, gerekli energiýasyny öndürýän taslamalary durmuşa geçirýärler. Bu kompaniýalaryň köpüsi sanlyja ýyldan zawod-fabriklerinde we söwda nokatlarynda dolulygyna arassa energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy maksat edinýärler.
The post Önümçilik hem arassa bolar appeared first on Zaman Türkmenistan.