Önümçilik galyndylaryndan alynýan girdeji: antiseptik almagyň tehnologiýasy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri çakyr we şeker önümçiliginiň galyndylaryndan organiki birleşmäni izopropanol (izopropil spirtini) almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar.Institutyň laboratoriýa müdiri Esger Annahanowyň aýtmagyna görä, izopropil spirti güýçli antiseptik häsiýete eýedir, ol etil spirtiniň ornuna giňişleýin ulanylýar.

Ol lukmançylykda, kosmetologiýada, durmuş himiýasynda, awtoulaglaryň aýnasyny ýuwýan serişde hökmünde, şeýle hem antifriz öndürmekde peýdalanylýar.Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän karhanada daşary ýurtlardan getirilýän izonpropanol bu ýerde çykarylýan şahsy arassaçylyk serişdeleri üçin esasy çig mal (70%) hökmünde ulanylýar.

Himiýaçy alymlar izopropil spirtini öndürmek üçin ýerli çig maly ýurduň arak-çakyr öndürýän kärhanalarynda gaýnadylyp arassalanma netijesinde emele gelýän siwuşa ýagyny ulanmagy teklip etdiler.Ylmy gözlegler we organiki maddanyň synag önümçiligi Himiýa institutynyň, zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän karhananyň we paýtagtyň Büzmeýinm etrabynda ýerleşýän çakyr zawodynyň arasynda baglaşylan üçtaraplaýyn şertnamanyň çäklerinde ýerine ýetirildi.

Marynyň şeker öndürýän kärhanasy çig mal bilen üpjün etdi. Çakyr zawodynyň rektifikasiýa enjamynda synag hökmünde bug arkaly arassalanma arkaly alnan siwuşa ýaglaryndan berkligi 96,5 gradus bolan 700 dekalitrden gowrak izopropil spirti alyndy. Ýerli çig mal ulanylanda zyýansyzlandyryjy serişdäniň özüne düşýän gymmatynyň daşary ýurtlardan getirilýänlerden birnäçe esse arzan düşýändigi hasaplanyldy.

Esger Annahanow siwuşa ýaglary gyzdyrylyp we buga tutulyp arassalananda ýene-de birnäçe peýdaly himiki birleşmeleri, hususan-sa, hloryň ornuny tutýan güýçli zyýansazlandyrjy alyp boljakdygyny belleýär.Tejribe arkaly alnan şu maddalaryň dürli konsentrasiýaly erginleriniň birnäçesiniň olaryň antibaktakterial häsiýetlerini barlamak üçin arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş edarasyna iberildi.

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň ýygyndysy neşir edildi
GYŞ BARADAKY SÖZLER
Ilkinji zenan emin
Amerikan kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrýar
“Tottenham” 57 ýyldan soň ýarym finalda