Önümçiligiň ýokary netijeleri

Önümçiligiň ýokary netijeleri

Milli Liderimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda ykdysadyýetiň gurluşyk we senagat önümçiligi, elektrik energetikasy, himiýa senagaty ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, pudaklaryň netijeli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa olaryň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär.

Soňky ýyllarda gurlup, ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar, durky täzelenen zawoddyr fabrikler Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, röwşen ýollara tarap öňe barýan Watanymyzyň kuwwatynyň artýandygynyň subutnamasydyr.Welaýatymyzda şunuň ýaly uly aladalardan ýerlikli peýdalanyp, çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär.

Häzirki wagtda olaryň senagat düzümi dürli ugurlardan we dürli kuwwatlykly şahsy önümçilikleriň hasabyna çalt depginlerde ösdürilip, önümleriň hili gowulandyrylýar. Şunuň ýaly kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Polimer önümleri zawodydyr.

Zawodda önümçilik ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berlip, sarp edijiler bilen baglaşylan şertnama esasynda polietilen we polipropilen turbalar öndürilýär.Zawodyň ýyllyk kuwwatlylygy 920 tonna önüm öndürmäge niýetlenip, bu ýerde işler ýokary depginde alnyp barylýar.

— Zawodyň önümçilik ulgamynda oturdylan kämil enjamlar, senagat ulgamyny sanlylaşdyrmak maksady bilen ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sözüň doly manysynda, işi ýeňilleşdirýär. Zawodda işçi-hünärmenleriň jemi 92-si zähmet çekýär. Bu ýerde diametri 16 millimetrden başlap, tä 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň dürli görnüşleri öndürilip, olar gurluşykda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda ulanylýar.

Zawodda öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar, azyk önümlerini saklamaga niýetlenen, bir gezek ulanylýan gaplar hem öndürilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Gyýanly polimer zawody üpjün edýär.

Bu ýerde öndürilýän önümlere ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda uly isleg bildirilýär. Öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy onuň ýurdumyzyň bazarlarynda eýeleýän ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.Geçen döwrüň içinde zawodda 6 million 606 müň 762 manatlyk dürli önümler öndürildi.

Munuň özi bellenen meýilnamadakydan has artykdyr. Şunuň ýaly gazanylýan ýokary netijeler, elbetde, işgärlerimiziň agzybirlikli zähmetiniň netijesidir.Täjimurat Ataýew, Rüstem Şermetow, Ulugbek Baltaýew, Şanazar Atajanow, Artyk Sabirow dagynyň atlaryny aýratyn agzamak ýerlikli bolar.

Sebäbi olar indi köp wagtdan bäri önümçilikde has-da gaýratly, öndürijilikli zähmet çekip, beýlekilere görelde bolýarlar — diýip, zawodyň baş hasapçysynyň orunbasary Arazmyrat Täçmedow aýdýar.

Zawodyň gazanýan şunuň ýaly guwandyryjy netijeleri onuň işçi-hünärmenleriniň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek barada beren tabşyryklaryny amal edýändiklerini aňladýar.

Şekerjan AHMEDOWA,

Daşoguz habarlary.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31396

Ýene degişli makalalar

Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Lebap welaýatynda 5 çaga Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edildi
Änewdäki polietilen turbalary öndürýän zawod: wagtyň synagyndan geçen hil
TNGIZT-de dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň täze önümçiligi ýola goýuldy
Gyýanlydaky polimer zawody işgärlerini işden çykaryp işini togtatdy