Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy' kän sorag döredýär

Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy' kän sorag döredýär

Türkmenistanda ýene tussaglaryň bir böleginiň günäsi geçildi, ýene prezident prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky kararlara gol çekdi, ýene "Demokratiýa we hukuk" žurnalynyň täze sany çapdan çykdy, ýene sebitlerde täze metjitler açyldy, emma ýurduň ýüz müňlerçe raýatynyň türmeden geçmegine getiren bikanunçylyklar, bu meselede şahsyýet kultunyň, wezipä bellenen prokurorlaryň we kazylaryň, şol sanda metbugatdaky senzuranyň oýnan 'uly roly', öňki tussaglaryň soňky kemsidilmeleri baradaky dymyşlyk saklanyp galýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 29-njy martda, Gadyr gijesi mynasybetli, 356 tussagyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi, ýöne öňki tussaglar meselesi barada, adaty işe ýerleşdirmek tabşyrygyndan başga, hiç bir täze zat aýtmady.

Synçylaryň käbiri ýaş prezidentiň on müňlerçe maşgalanyň durmuşyna agyr täsir edýän, çaga terbiýesine düzedip bolmajak zarba urýan, korrupsiýany çuňlaşdyrýan agyr meseleler barada gürrüň gozgaryna garaşan adamlaryň indi tas hiç bir özgerişlige garaşmaýandyklaryny öňe sürýärler.

Döwlet baştutany, adatça bolşy ýaly, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Emma synçylar bu tabşyrygyň aňsat-aňsat ýerine ýetirilmejekdigini, emele gelen ýagdaýy tabşyryk berýäniň-de, ony ýerine ýetirmek wadasyny berýänleriň-de bilýändigini, bu 'täzeligiň täzelik däldigini' aýdýarlar.

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilýän günä geçişler Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda, tussagdan hyryn-dykyn doldurylan jeza öýleriniň ýüküni ýeňletmek maksady bilen başlandy we, görnüşinden, bu ýagdaý şindi hem üýtgemeýär.

Ýöne 2007-nji ýyldan öň Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilen günä geçişlerde her ýyl müňlerçe adam, käte 9 müň tussaga çenli türmeden boşadylardy.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň, belki-de tussaglaryň sanynyň beýle bir 'göze dürtülmezligi' üçin, günä geçişleri her baýramçylyga gabat yglan etmek düzgüni girizildi.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussaglar, bendileriň hossarlary günä geçişleriň köplenç azatlyga çykýan adamlaryň maşgalasyny bergi-borja batyrýandygyny aýdýarlar.

Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy, hökümet ýolbaşçylary ýa metbugat gürrüň etmese-de, tussaglar bilen bagly ýagdaýy tas hemme adamyň bilýändigini, sebäbi ol adamlaryň tanyşlarynyň, garyndaşlarynyň bu barada özara gürrüň edýändigini aýtdy.

Öňki tussaglaryň soňky güzaplary

“Tussaglyk, öňki tussaglar barada gürrüň edilende, meniň özüm iki goňşym hakynda anyk bilýän zatlarymy aýdyp biljek: Olaryň biri häzir hem tussagda otyr. 2013- nji ýylda narkotik serişdesini ýaýratmakda we satmakda aýyplanyp saklandy, 22 ýyl azatlykdan mahrum edildi, ilki üç ýyl Owadandepe türmesinde oturdy, soň Baýramaly türmesine geçirildi. 2018-nji ýylda, aýaly adamsyndan galan neşe maddalaryny satanda saklanyp, derňewde adamsyndan galan narkotik serişdeler barada görkezme berdi.

Netijede, onuň adamsy gaýtadan sud edilip, ýene-de 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şondan soň ol Baýramaly türmesinden Owadandepe türmesine geçirilip, gaýtadan dört ýyl ýapyk şertde oturmaly boldy” diýip, adynyň, ýasaýan sebitiniň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, neşe söwdasyna baş goşýan adamlar bu işi ýa neşe öwrenip, ulanjak neşesini tapmak üçin, ýa eklenip bilmän, bergi-borja batyp, ýagdaýdan çykalga gözläp edendiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, neşe satyp, tussagda oturan hossaryny boşatjak bolýan we has kyn ýagdaýa düşýän adamlar hem bar diýip, synçylar aýdýar.

Neşe maddalaryna garaşly bolan adamlaryň dertden saplanmagy, şeýle-de öňki tussaglaryň gaýtadan jemgyýete goşulmagy, işe ýerleşdirilmegi, täze hünär öwrenmegi barada edilmeli işler edilmän galýar, hökümet uly we boş binalara pul harçlaman, kyn ýagdaýlara düşen adamlara kömek etmek üçin ýörite programma, maksatnama işläp düzmeli diýip, anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Öz goňşulary hakynda gürrüň beren ýaşaýjynyň ikinji goňşusy, neşe maddalary bilen saklanyp, 12 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir we 7 ýyl Baýramaly türmesinde oturanyndan soň, Gadyr gijesine gabat, prezidentiň günä geçişliginde azatlyga çykypdyr. Bu, neşe maddalary bilen tutulanlar günä geçişlige düşürilmeli däl diýilse-de, kadadan çykamalaryň hem bolýandygyny tassyklaýar.

Ýöne tussaglykdan boşan adamlaryň köpüsi, aýdylmagyna görä, ozalam ýeňil bolmadyk şertlerde, işsizlik zerarly, maşgalasyna ýük bolmagyny dowam etdirýär.

“Türmeden boşan goňşym alty aýlap öýünde oturyp, maşgalasynyň hasabyna ýaşady, ýöne başda her gün etrap polisiýa bölümine baryp, özüni bellige aldyrmaly boldy, işsizleriň biržasynda ýazgyda durandygy barada resminama görkezdi. Bir ýyldan soň polisiýa bölümine günde däl-de, hepdede bir gezek barmaly edildi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi ikinji goňşusynyň azatlykdaky 'kyssasyny' gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurtda ýaş, orta we ýokary bilimli adamlara hem ýeterlik iş ýok, türmede oturyp çykanlara bolsa, iş tapmak tasdan mümkin däl. "Şu sebäpden, goňşym öň neşe satyp gazanan puluna alan köneje awtoulagynda kireý edip, güzeran aýlamaga çalyşýar, ýöne elmydama göz astynda saklanýar” diýip, ol bu ýagdaýyň ýene bir agyr, ýöne kän aýdylmaýan tarapyna ünsi çekdi:

“Öňki tussaglar hemişe polisiýanyň gözegçiliginde bolýar, olary islendik wagt jaň edip, polisiýa bölümine çagyryp bilýärler. Şonda olar hökman barmaly we näme iş bilen meşgullanýandygy barada hasabat bermeli bolýarlar. Ýöne bu hasabat dürli kemsitmeler bilen utgaşýar. Öňki tussaglar kakdyrylyp aýdylýan kemsidiji sözleri eşitmedik bolmaly bolýarlar.

Polisiýa işgärleriniň käbiri bellik üçin polisiýa bölümine gelen öňki tussaglara 'narkomanlar öz aýalynyň we gyzynyň ten satmagyna hem garşy bolmaýarlar, sen maşgalaňa eýelik edýärsiňmi?' diýen ýaly soraglary berip, gyjalat berýärler.”

Boýun alynmaýan işsizligiň 'pasport açary'

Azatlyk radiosy türkmen häkimiýetlerinden ýurduň türmelerindäki tussag şertleri we öňki tussaglaryň soňky ýagdaýy, ýurtda resmi taýdan tassyklanylmaýan işsizligiň derejesi, täze iş orunlaryny döretmek üçin edilýän işler, göz öňünde tutulýan anyk taslamalar barada düşündiriş ýa maglumat alyp bilmeýär.

Ýöne şu aralykda, hökümetiň daşary ýurtlara işlemäge gidýänlere döredýän emeli päsgelçilikleriniň dowam edýän wagtynda, birden biometriki pasport aljak bolýan raýatlaryň wagtyny tygşytlamak barada alada edilip başlandy. Bu geň täzelik Türkiýe bilen aradaky wizasyz gatnaşyk Aşgabadyň talaby esasynda ýatyrylyp, Ukraina bilen uruşýan Russiýa gidýän türkmenleriň köpelen wagtyna gabat geldi.

Resmi maglumata görä, 1-nji aprelden işe girizilen hyzmatlar biometriki pasport aljaklaryň barha uzaýan nobatlary barada çykan habarlar, ilatyň işsizlikden has kösenýän sebitleri bilen bagly bolup görünýär. Emma muňa garamazdan, Migrasiýa gullugy pasport berilmegini kadalaşdyrmaly goşmaça bölümleriň näme üçin Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda we Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda açylýandygyny düşündirmeýär.

Ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Türkmenistan pasport meselesini öz raýatlarynyň hereket azatlygyny, şol sanda işlemek, gazanç etmek mümkinçiliklerini ýowuz çäklendirmek üçin, ýarag' hökmünde ulanyp geldi.

"Pasport bermek üçin täze punktlar açylyp, pasport meselesi çözülse, bir topar adam ýurt daşyna çykyp, işläp, öz maşgalasyny ekläp biljek. Pasport meselesi köpden bäri halkyň öňünde dur" diýip, Hanamow aýtdy bu täzeligiň bir tarapdan hökümetiň adamlary iş ýerleri bilen üpjün edip bilmeýändigini boýun almagy bolýandygyny belledi.

Ýöne, Wenada ýaşaýan raýat aktiwistiniň pikiriçe, biometriki pasportlaryň berlişini tizleşdirmek üçin diýlip açylan täze hyzmatlar ýagdaýy o diýen üýtgedip bilmez we, adatça bolşy ýaly, propaganda bolup galar.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçy Hanamowyň pikiri bilen ylalaşdy we türkmen hökümetiniň hakykatda halkyň meselelerini çözmegi däl-de, Berdimuhamedowlar wagzyny has möhüm hasaplaýandygyny öňe sürdi. Ol bu pikirine delil edip, golaýda, prezidentiň Lebaba eden saparyna gabat ulanmaga berlen ýüzlerçe awtobusy mysal getirdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Azatlygyň habarçylary döwletiň satyn alan we sebitlere iberen ýüzlerçe awtobusynyň ulanmaga berilmän, awtoparklarda tozan basyp durandygyny habar berdi. Soň, Serdar Berdimuhamedowyň Lebaba eden saparyna gabat, uly dabara bilen ulanmaga berlen awtobuslar üçin, aýdylmagyna görä, ilkinji gezek sürüjilerden para hem alynmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy'
Türkmenabatda migrasiýa gullugynyň üç işgäri tussag edildi
Türkmenabatda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi togtadyldy
Balkan welaýatynda biometriki pasportlary almak üçin paranyň möçberi azaldy
Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin gelen adamlaryň sany 1,5 milliondan geçdi"
Protestlerden soň Daşoguzda migrasiýa gullugynyň goşmaça edaralary açyldy