Önjü Keçeli Siriýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy tapgyry barada beýanat berdi

Önjü Keçeli Siriýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy tapgyry barada beýanat berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň "Türkiyäniň zerur şertler ýola goýulan halatynda Siriýadan çekilmegi maslahatlaşmaga taýardygy" baradaky beýanatynyň üstünde durup geçdi.

"Russiýanyň ýurdumyz bilen resmi Damaskyň arasynda gatnaşygy ýola goýmak ugrundaky tagallalaryna oňyn garaýarys" diýip aýdan Keçeli, Türkiyäniň, halkynyň ýurduna gaýdyp baran, raýatlary we jemgyýeti bilen parahatçylyk içinde, kanuny talaplarynyň we tamalarynyň çäginde eden ädimleri bilen hakyky milli barlyşygy ýola goýan bir goňşy görmek isleýändiklerini habar berdi.

Siriýanyň diňe Türkiye üçin däl, sebit üçin hem durnuksyzlygyň ýerine, durnuklylygy saýlan, ikitaraplaýyn peýda we bähbit esasynda ykdysady ýagdaýyny ösdüren we halkynyň abdançylygyny gowulaşdyran bir ýurt bolmagyny arzuw edýändigini aýdan Keçeli: "Onuň hem ýagşy niýet bilen, deslapky şertsiz we hakyky çemeleşme bilen durmuşa geçirmek üçin tagalla edilmelidigini aýdýarys. Şol çäkde zerur şertleri ýola goýmak boýunça işler dowam etdiriler" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Abdullahiýan: "ABŞ-na Ysraýyla edilen hüjüm barada duýduryş beripdik" diýdi
Iordaniýadan we Saud Arabystanyndan Siriýa Ýokary Derejeli Sapar Guraldy
Diňle: Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Türkiýe uzak ýyllardan soň Damaska geňeşçi belledi
Damaskda köpçülikleýin gubyr we neşe zawodlary tapyldy