Dünýä belli Dakar Rally we Formula 1 ýaryşlaryna hemaýatkärligi bilen tanalýan Kroon-Oil haryt nyşanly öňdebaryjy motor we transmissiýa ýaglary Türkmenistana gelip gowuşdy.
Ekspertleriň saýlany şygaryna eýerýän Kroon-Oil indi türkmen awtoulag sürüjilerine-de elýeterli boldy.Bu haryt nyşanly ýaglar esasy ulag öndüriji kompaniýalaryň we ýaglaryň hilini barlaýjy halkara guramalarynyň ýag spesifikasiýalarynyň talaplaryna gabat gelýär, şeýle hem şol kompaniýalar tarapyndan tassyklanýar.
Kroon-Oil ýokary hilli motor we transmissiýa ýaglary awtoulaglaryň işleýşini, şeýle hem olaryň sürüş rahatlygyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň ömrüni hem uzaltmaga ýardam edýär. Şeýle hem bu ýaglar bazardaky bahalardan has elýeter ýagdaýda, müşderiniň islegine görä — 4 L, 5 L, 20 L, 60 L, 200 L, 999 L we beýleki ölçeglerde hödürlenilýär.
Kroon-Oil-iň taryhyndan
Kroon-Oil Günbatar Ýewropadaky iň iri garaşsyz çalgy ýag öndürijileriniň biridir.Kroon-Oil ýeňil we agyr awtoulag we iki tekerli ulaglar, şeýle hem senagat, deňiz we oba hojalygy üçin çalgy ýaglaryny öndürýär.
Kroon-Oil önümleri awtoulag we maşyn öndürijileriniň halkara talaplaryna, şeýle hem harby we hökümet edaralarynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Ýeri gelende aýtsak, bu öňdebaryjy kompaniýa Niderlandlaryň Ýaragly Güýçlerini hem çalgy ýaglary bilen üpjün edýär. 1906-njy ýylda döredileninden bäri, Kroon-Oil Niderlandlaryň awtoulag bazaryndaky öňdebaryjy ýag markalarynyň birine öwrüldi.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda bu kompaniýa dünýä boýunça köp sanly halkara distribýutor belledi we häzirki wagtda önümlerini dünýäniň 60-dan gowrak ýurduna, şol sanda Türkmenistana hem iberýär.
Haýsy awtoulaglara bolýar?
Ýeňil awtoulaglardan köne we täze model Mercedes Benz, BMW, Volkswagen, Ford, Toyota, Lexus, Audi, Mitsubishi, Nissan, Hyundai, KIA awtoulaglarynyň talap edýän ýag spesifikasiýalaryna gabat gelýär we olaryň sertifikatlary bilen üpjün edilendir. Ýük we agyr tehniki ulaglar: Volvo, MAN, Mercedes Benz, Renault, Cummins kompaniýalarynyň talap edýän ýag spesifikasiýalaryna gabat gelýär we sertifikatlary bilen üpjün edilen.
Oba-hojalyk tehnikalaryndan John Deere, Caterpillar, CASE, New Holland, Massey Ferguson, Fendt we Valtra ýaly tehnikalarynyň öndürijileriniň ýag spesifikasiýalaryna gabat gelýär.Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri hem, BMW, Audi ýaly öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň transmissiýa awtoşaýlaryny öndürýän ZF firmasy awtoşaýlaryna kärhanadan iberilmeginiň öňisyrasynda olary Kroon-Oil ýaglary bilen gandyrýar.
Kroon-Oil-iň Türkmenistandaky resmi distribýuteri dürli we täzeçil hyzmatdaşlyklara açykdygyny habar berýär, şeýle hem ýag çalyşma nokatlarynda we awtoşaýlar dükanlarynda aýratyn ýeňillikleri hödürleýär.
Dükan salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, Gurat Gurluşyk binasy Ýag çalyşma nokady: Gurtly, 2-nji ýangyç guýujy beket Türkmenistan boýunça hyzmatdaşlyk edilýän dükanlar we ýag çalşylýan nokatlar barada goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 64 93-10-11; +993 63 88-19-70; +993 62 35-19-70