Gahryman Arkadagymyz çykyşynda biziň Zaman-Türkmenistan gazetimiz barada hem nygtap geçdi. Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Garaşsyz ýurdumyz parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýan guramalarynyň biri hem Türki Döwletleriň Guramasydyr.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Türki Döwletleriň Guramasyna synçy derejesinde gatnaşýar. Ýurdumyzda bu iri halkara gurama bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler, hususan-da, guramanyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi, daşary işler ministrleriniň geňeşi, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasy, Türki akademiýa, Türki medeniýetiň halkara guramasy, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasy, Türki söwda-senagat edarasy ýaly ýöriteleşdirilen geňeşleri we guramalary, şol sanda Aksakgallar geňeşi bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Aksakgallar geňeşi türki döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly işleri alyp barýar.Aksakgallar geňeşi TDG-niň maslahat beriji guramasydyr.
Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň hormatly ýaşululary girýär.Milli Liderimiz
2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu düzümiň agzasydyr.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy we Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisine gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda çuň many-mazmunly çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz
çykyşynda birnäçe teklipleri, şol sanda TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň adyny üýtgetmek, onuň Hormatly il ýaşulusy diýen sylagyny hem-de nyşanyny döretmek baradaky teklipleri öňe sürdi.
Milli Liderimiz Halkymyzda Muhammet pygamberiň ýaşyna 63 ýaşa ýeten adamlar hormatly ýaşuly diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, makullasaňyz, geljekde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşini Ýaşulular Geňeşi diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geliň, biz Geňeşiň Hormatly il ýaşulusy diýen sylagyny hem-de nyşanyny döredeliň diýip belledi.
Milli Liderimiz,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 2025-nji ýyldaky ikinji mejlisini Türkmenistanda geçirmek baradaky we TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz ýörite habar beriş serişdesini döretmek baradaky teklipleri hem öňe sürdi.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda biziň Zaman-Türkmenistan gazetimiz barada hem nygtap geçdi.Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk.Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Zaman-Türkmenistan gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda döredilip, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlarda ýurdumyzda hem-de dünýäniň dürli künjeginde bolup geçýän gyzykly we täsin wakalar baradaky habarlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirýär.
Zaman-Türkmenistan gazetiniň döredijilik topary hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okyjylaryň söýgüsini gazanmak üçin yhlasly zähmet çekýär.Döredijilik topary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny türkmen halkyna hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň okyjylaryna ýetirmek maksady bilen, şanly senelere bagyşlap ýörite sanlary taýýarlaýar.
Zaman-Türkmenistan gazetiniň döredijilik topary Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Zaman-Türkmenistan gazeti hepdelik neşir bolup, 2008-nji ýyldan bäri internet saýty arkaly dünýäniň ähli ýerindäki okyjylara ýetirilýär.Gazetimiziň internet saýtyna gündelik habarlar ýerleşdirilip, täzelenip durulýar.Mundan başga-da, okyjylar smartfonlar üçin döredilen ýörite applikasiýadan peýdalanyp täze habarlary okap bilýärler.
Biz hem agzybir işgärlerimiz bilen hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da ösdürip, bagtyýar halkymyzyň bähbidi üçin bitirýän taryhy işlerini goldap, ata Watanymyzyň metbugat binýadyny berkitmäge mynasyp goşandymyzy goşarys.
Döretmäge we zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.Biz döredijilik işgärlerine pähim-paýhasa eýlenen dürdäne eserleri bilen nusga bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman bolsun, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
ZamanTürkmenistan
gazetiniň döredijilik topary.