Ömer Seýfettin, wakalaryň hekaýaty žanrynda ýazan we 170-e barabar hekaýasy bolan Milli edebiýat döwrüniň ýazyjysy, mugallym, harby işgär we hekaýa ýazyjysydyr. Ýazyjy, 1884-nji ýylyň 11-nji martynda Balykesir welaýatynyň Gönen etrabynda dünýä inýär.
Başlangyç mekdebe Gönendäki mekdeplerden birinde başlaýar.Soň kakasynyň işi sebäpli Stambula göçýärler.Ilki Mekdebi Osmanide, 1893-nji ýylda bolsa Harby weterinariýa mekdebinde okaýar.Mekdebi gutarandan soň Kuleli harby mekdebine ýazylýar.
Soň bolsa Edirnedäki Harby mekdepde okaýar.Ilkinji edebi işleri hem Edirnede başlaýar. 1900-njy ýylda mekdebi gutaran Ömer Seýfettin, Stambula gelip, Ýokary harby mekdepde okuwa girýär.Iş durmuşyna Kuşadasy pyýada goşunlarynda başlaýar.
Salonikde we Manastyrda işleýär.Iki ýyl möhlet bilen Balkanlardaky serhet ýakasyndaky ilatly ýerlerde garakçylara garşy göreşýär. 31-nji mart pitnesini basyp ýatyrmak üçin Stambula gelen operasion goşunynyň hataryna goşulýar.
Soň bolsa Stambulyň syýasy atmosferasy sebäpli harby wezipeden daşlaşýar.Ziýa Gökalpyň goldawy we jerime töleginiň Jebislik we ösüş guramasy tarapyndan tölenmegi netijesinde goşunyň hataryndan çykýar.Edebiýaty gowy görýändigi üçin 1911-nji ýylda Jebislik we ösüş guramasynyň goldaw bermeginde çykarylýan “Ýaş galamlar” žurnalynda “täze dil” hereketini başladýar.
Makalalary Stambulda we Salonikde çykýan dürli žurnallarda başga atlar bilen çap edilýär.
1912-nji ýylda Balkan urşunyň turmagy sebäpli uly leýtenant çini bilen Günbatar goşunyna goşulýar we greklere ýesir düşýär. Ýesirlikde okap we ýazyp, ýazyjylyk üçin baý tejribe toplaýar. Şol döwürde ýazan hekaýalary “Türk Ýurdy” žurnalynda çap edilýär. 1913-nji ýesirlikden halas bolup Stambula dolanýar. Ömer Seýfettin 1914-nji ýylda harby goşundan ikinji gezek çykýar. “Türk sözi” žurnalynyň baş awtorlygyna bellenýär we ol ýerde türkçi düşünjäniň naýbaşy makalalaryny ýazýar.
Hekaýalary we makalalary “Täze Mejmua”, “Şair”, “Flot”, “Uly Mejmua”, “Ýeni Dünýa”, “Diken” we “Türk zenany” ýaly žurnallar bilen “Wagt”, “Zaman” we “Ifham” gazetlerinde çap edilýär.Durmuş şertleriniň agyrlygy saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirýär. 1920-nji ýylyň fewralynda ýarawsyzlanýar we 1920-nji ýylyň 6-njy martynda 36 ýaşynda dünýeden ötýär.
Ömer Seýfeddin hekaýa ýazyjysy hökmünde meşhur bolan hem bolsa, edebiýada goşgular bilen başlaýar. 1911-nji ýyldan soň dilinde uly özgermeler görülýär.Has özüne mahsus, dilde sadalaşma düşünjesi bilen ýazylan goşgulary halanyp okalýar.
Kyssalarynda esasan realizmiň täsirinde galandygy görülýär.Halkyň henizem ürç edip okaýan hekaýalarynyň temalaryny esasan hakyky durmuşdan alypdyr.Temalaryny gündelik durmuşdan, çagalar we harby ýatlamalardan, taryhdan, dürli anektodlardan, degişmelerden we kyssalardan saýlap alypdyr.
Jemgyýetçilik durmuşdaky bökdençlikler, milli duýgular, Anadolynyň halkynyň durmuşa şertleri, Balkan türklerine edilen zulumlar eserlerinde ileri tutulan ugurlardyr.Hekaýalar arkaly milli düşünjäni ösdürmek isläpdir.Mysal üçin “Türklük ideasy” atly eserinde ýaşlara türklük düşünjesini ornaşdyrmagy, olaryň türk milletiniň beýikligine ynanmaklaryny gazanmagyny özüne ýörelge edinipdir.
Halklaryň düşünjeleriniň çäginde türklük ideasynyň tutýan ornuny düşündirip, ýaşlaryň türk milletçisi bolmak üçin näme etmelidigini öwretmäge çalşypdyr. Ömer Seýfeddiniň milletçilikdüşünjesi gan we kowum birligine esaslanmaýar.Onuň pikiriçe şahslary millet hökmünde bitewileşdirýän esasy faktorlar dil we din birligidir. Şol sebäpli Ömer Seýfeddiniň pikirine görä “Bir adamyň türk bolmagy üçin türkçe geplemegi, musulman bolmagy, türk terbiýesine we däp-dessurlaryna görä ýaşamagy ýeterlikdir…” Şol düşünjäni beýan edýän şu sözi meşhurdyr: “Türk milleti oýanyp, birleşen halatynda, musulmanlyk älemi ýüz millionlyk kuwwatly gadama eýe bolar… Musulmanlyk diňe türkleriň we türklügiň oýanmagy bilen ýesirlikden halas bolar!
Awtor käbir hekaýalaryny bolsa jemgyýetçilik we syýasy temalardaky düşünjesini beýan etmek üçin ýazypdyr.Onuň gündelik gepleşik dilinden peýdalanmagy, kyssalarynyň has täsirli bolmagyny üpjün edipdir.Hekaýalarynyň halanmagynyň beýleki bir sebäbi bolsa sada dilde ýazylmagydyr.
Onuň pikirine görä; köne dil, gepleşilmeýän öli dildir.Arapça we parsça düzgünler türk diliniň özbolyşlygyna bozdy.Dildäki daşary ýurt düzgünleri aýrylmaly.Halkyň dilindäki arapça we parsça sözler terk edilmeli.
Stambul dialekti ýazuw dili üçin esas kabul edilmeli. Şu pikirler ugrunda ömrüni türk diline we edebiýatyna bagşeden Ömer Seýfeddiniň türk diliniň sadalaşmagyna goşandy uludyr.
Ömer Seýfeddin 170-e golaý hekaýat ýazypdyr we eserleri 60 dilde çap edilipdir. Awtoryň kitalary ençeme neşirýat öýleri tarapyndan neşir edildi.