Hoşgeldi Garly
23-nji aprelde Aşgabatda ýogalan halypa ýazyjy, jurnalist we uruş weterany Rahym Esenowyň ýekşenbe güni Aşgabadyň golaýyndaky Çoganly gonamçylygynda depin edilendigini “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary bildirýärler.
Aksakalyň 27-nji aprelde üçi, 30-njy aprelde ýedisi bolar.
Rahym aganyň şenbe güni ýogalandygyny “TH-si” bilen birlikde sanlyja garaşsyz we daşary mediasy habar berdiler. Şeýlede Türkmenistanyň käbir raýatlary sosial ulgamlarda gynanç hatlaryny,çaklaňja makalalary çap etdiler.
Elbetde, bular Türkmen edebiýatynda, jurnalistikasynda has dogrusy, öz ummasyz işleri bilen Türkmenistanyň taryhynda, medeniýetinde öçmejek yz galdyran laheňleriň biri babatda “okeýanda bir damja” bolsa-da, dünýä jemgyýetçiligi Rahym Esenowyň ýogalandygyny onuň aradan çykan güni öwrendiler.
Eýse, näçe sany zehinli türkmen alymynyň ýa ýazyjy – şahyrynyň dünýäsini täzelänliginden Türkmenistanlylar habarsyz galdylarka?
Mukaddes Oraza aýynda merhumyň ruhuna onlarça, belki-de müňlerçe musulmanyň doga edendiklerine ynanýaryn.
“Meniň ýaşym hem 80-e golaýlady. Şol sebäpli, Rahym aganyň aradan çykandygyny eşidip, gaty gynandym. Ussat ýazyjymyzyň, taryhçymyzyň we jurnalistimiziň mukaddes Oraza aýynda aradan çykmagy hem onuň adamkärçilikli, pähim-paýhasly ynsan bolandygyna güwa geçýär. Men agyz bekläp, her gün bäş wagtyna namaz okanymda mydama tanaýan we tanamaýan merhumlarymyzyň ruhuna doga edýärin.
Indi iki gün bäri Rahym aganyň hem ruhuna doga etmäge başladym. Biribar onuň jaýyny jennetden etsin” diýip 72 ýaşly alym aýdýar.
Şeýlede ynamdar çeşmeleriň belleýşiçe. Rahym Esenowyň kakasy, Türkmenistanyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur döwlet adamy Nedirbaý Aýtakowyň doganoglany. Hut şonuň üçinde, Rahym aga taryhy we arhiw materiýallar esasynda Aýtakow barasynda rus dilinde ýazan romanyny Rusýada çykartdy.
Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alandan soňra hökmürowan Nyýazowyň rejimi Aşgabadyň merkezinde diklen Nedirbaý Aýtakowyň ýadygärligini weýran etdiripdi.
Elbetde, türkmen halkynyň halypa ýazyjy, jurnalist we uruş weterany Rahym Esenowyň şol kitabyndan Nedirbaý Aýyakow bilen ilteşikli gyzyldan-gymmatly maglumatlary öwrenjekdigine söz ýok. Çünki, Rahym aga “men häzirlikde stol üçin kitap ýazýaryn. Emma, bir gün olaryň söýlüp okaljakdygyna hiç şübhäm ýok” diýip öz dostlaryna ynam bilen aýdypdy.
Emma, gynandyrýan ýeri, Türkmenistanyň Medeniýet ministri, Ýazyjylar birleşiginiň, “Dostluk’ jemgyýetiniň başlygy, halkara edebiýat baýragynyň eýesi, “Baýram han”, “Jüneýt han” ýaly taryhy şahslar barada örän gymmatly romanlar, jemi 20-den gowrak kitap ýazan, sowet döwründe giňden tanalýan “Prawda” gazýetiniň Türkmenistandaky habarçysy, birnäçe nyşanlaryň eýesi bolan uruş weteranynyň aradan çykandygy barasynda Türkmenistanyň resmi KHS-i dymýarlar.
Ýogsam bolmasa, Rahym aganyň ýetişdiren, elinden gelen kömegi eden Baýram Jütdiýew ýaly ýazyjy-şahyrlaryň, alymlaryň az däldigini we entek aýatdadygyny’ aýtmak mümkin.
Hatda, olaryň hiç biri aksakal ýazyjynyň jynazasyna gatnaşmaga hem gaýrat tapmadylar.
Emma, taryhyň çarhy aýlanyp dur….
Belki, bir gün olaryň dünýäsini täzeländiginden Türkmenistanlylaryň asla habarsyz galmagy ähtimal…
Atalarymyz “Ölüsini sylamadyk, dirisini sylamaz’ diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar ahyryn.
(“Türkmenistanyň Hronikasy”awtoryň pikirlerini paýlaşmaýar)The post “Ölüsini sylamadyk, dirisini sylamaz….” (Halypa ýazyjy,zehinli jurnalist we uruş weterany Rahym Esenowyň ýagty ýadygärligine) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.