Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda size Ökje jaýrylmasynyň tebigy bejergi usullary hakynda maglumat bermek isleýäris.
Limon
Ökjäňizde emele gelen çaýryklar sizi biynjalyk edýän bolsa; ýyly suwuň içine azajyk limonuň suwy bilen duz goşup, aýagyňyzy şol suwa 15 minudyň dowamynda sokuň. Soň bolsa poza daşy bilen ökjäňizi owuň.
Soň bolsa aýagyňyzy durlap, guradyň.
Al Sirkesi
Bir gabyň içine ýyly suw dolduryň. Üstüne ýarym kase alma sirkesini goşuň. Aýagyňyzy şol suwa 15 minudyň dowamynda sokuň. Aýagyňyzy suwdan çykarandan soň ponza daşy bilen owup bilersiňiz.
Çaý Sodasy
2 çemçe çaý sodasyny 3-4 damja limon suwuna goşup, garyň. Ýyly suwda ýuwulan ökjäňize çalyp, 10 minut garaşyň. Soň aýaklaryňyzy durulap, guradyň.
Ösümlik ýaglary
Zeýtun ýagy, kokos ýagy, künji ýagy ýa-da badam ýagy ýaly derä peýdaly bolan ýaglaryň özbolyşlygy derini tebigy ýollardan çyglandyrmagy.
Ökje jaýryklaryklaryndan halas bolmak üçin; aýagyňyzy ýyly suwda sokandan soň, ökjäňizi ponza daşy bilen owmak. Soň aýagyňyzy ýuwup, guradyň. Bu usuldan ökjäňizdäki jaýryklar aýrylýança peýdalanyp bilersiňiz.
Wazelin
Aýaklaryňyzy ýyly suwa sokup, ýumşadandan soň ökjäňizi ponza daşy bilen owuň. Soň aýagyňyza wazelin çalyp, jorap geýiniň. Wazeline bir çaý çemçesi limon suwuny goşmak hem maslahat berilýär.
Awokado
Ýarym awokadony bir sany banan bilen garyň we bulamaç görnüşine getiriň. Şony jaýrylan ýerlere çalyp, 20 minut garaşyň. Soň bolsa ýyly suw bilen durulaň.
Çyglandyryjy krem
Her agşam aýaklary ýyly suwda ýuwandan soň poza daşy bilen arassalap, soň dabanlaryňyza çyglandyryjy krem çalmak jaýryklaryň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Çyglandyryjy kremi her gezek duşdan çykan mahalyňyz çalmak maslahat berilýär.
Bal
Ýyly suw guýlan gaba bal goşup, aýagyňyzy şol suwa 15 minudyň dowamynda sokuň. Soň aýagyňyzy durulap, guradyň we ponza daşy bilen ökjäňizi owuň.
Bal we zeýtun ýagy
1 çaý çemçesi baly bir nahar çemçesi zeýtun ýagyna garyň. Şol ergini ökjäňize çalyp, 20 minut garaşyň.
Tüwi uny
Tüwi uny arkaly ökjäňizdäki öli derileri aýyryp, şeýlelikde jaýryklaryň öňüni alyp bilersiňiz.
Ulanyş usuly: 1 owuç tüwi ununy birnäçe çaý çemçesi bal bilen alma sirkesine garyp, ergin görnüşine getiriň. Aýagyňyzy 10-15 minut ýyly suwa sokandan soň ergini ökjäňize çalyň.
Iňlis duzy
Ýyly suwdan doly gowa, iňlis duzuny salyň we 10 minudyň dowamynda aýaklaryňyzy şol suwa sokuň. Soň ökjäňizi ponza daşy bilen owuň we aýaklaryňyzy ýene-de 10 minut ýyly suwa sokuň.
Gül suwy we gliserin
Gliserini we gül suwuny deň mukdarda garyň. Ergini ýatmazdan öň ökjäňize we aýaklaryňyza çalyň, soň jorap geýiniň.