Meksikanyň Döwlet baştutany Andres Manuel Lopes Obrador, ABŞ-nyň Meksika bilen bagly syýahatçylyk duýduryşy barada: "Bu paranoýa näme sebäpli?" sözlerini ulandy.
Andres Manuel Lopes Obrador: "Meksika ABŞ-dan howpsuz we Meksikada howpsuz ýagdaýda syýahat edip bolýar" diýip belledi.
Geçen hepde ABŞ-nyň 4 raýaty, Meksika serhedini geçenlerinden gysga wagt soň zamun alynypdy, şol adamlaryň 2-si öldürilipdi, 2-si bolsa şikes ýetmeden azat edilipdi.
ABŞ-ly resmiler şol hadysalardan soň, Meksika bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny çap edipdi.