Obrador Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Obrador Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Meksikanyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Meksikanyň Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, iki lideriň telefon söhbetdeşliginde özara söwda gatnaşyklary bilen birlikde göç meselesi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Obrador, Twitterden beren habarnamasynda, Prezident Baýden bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň içgin ýagdaýda geçendigini we Meksikanyň Daşary işler ministriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin hepdäniň başynda Waşingtona gitjekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da ýük ulagynda 50 adamyň jesedi tapyldy
Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Prezidentini gutlady
Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady
Meksikanyň Prezidenti tokaý elfiniň suratyny çap etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
Obrador: "Meksika ABŞ-dan howpsuz" diýdi