Obasenagat toplumynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy sebitlerde galla önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi

Daşoguz welaýatynyň ýörüteleşdirilen kärhanalary täze galla hasylyndan tohum taýýarlamaga girişdiler.Olaryň arasynda ony taýýarlamak üçin awtomatizirlenen enjamlary bolan S.Türkmenbaşy we Boldumsaz etraplarynyň döwrebap elewatorlary bar.Wagtlaýyn ýerlerde saklanylýan galla belli Kimbriýa“ firmasynyň enjamyna geçirilýär, onda galla saýlanylýar, arassalanylýar we gaýtadan işlenilýär.

Laboratoriýa barlaglary arkaly olaryň hili barlanandan soň, olar gaplanylýar we ammarlara iberilýär.Tohumyň saklanylyşy hem awtomatik usulda amala aşyrylýar.

Daşoguz welaýaty ýurtda galla öndürýän iri sebitleriň hataryna girýär.Pudagyň sazlaşykly ösüşi gallanyň taýýarlanylyş we gaýtadan işleniliş düzümleriniň giňeldilmegini hem-de döwrebaplaşdyrylmagyny talap etdi.Sebitde gurlan döwrebap ýörüteleşdirilen kärhanalar ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz saklamaga, gaýtadan işlemäge we sebiti ýokary hilli tohum bilen üpjün etmäge mmükinçilik berýär.

Täze elewatorlaryň ýokary tehnologiýaly enjamlary gije-gündiziň dowamynda 60 tonnadan 80 tonna çenli saýlama galla tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär.Netijeli önümçilik binýadynyň bolmagy sebitde galla ekişinden ony gaýtadan işlemäge çenli doly önümçilik tapgyryny döretmäge ýardam etdi.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi
Samsung 5G tizlik rekordyny goýdy
Kömürturşy gazyndan uçar ýangyjy öndüriler
Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy
Türkmen alymlarynyň işläp taýýarlamalary: polat berkligi, hili ýokarlandyrylan bitum we sement ... briketlenen ýüzärlik
Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry
Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda talanýandyklaryny’ aýdýarlar