Obamanyň ýanynda Baýdene Ak tamda üns berilmezligi

Obamanyň häkimiýet başyndan aýrylandan soň Ak tamda ilkinji gezek peýda bolan suratlar, Ak tamdaky adamlaryň öňki prezidentiň töweregine ýygnanmaklaryndan Jo Baýdeniň haýran galýandygyny görkezýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňki prezidenti Barak Obama, ozalky wise-prezidenti bilen Obamacare ady bilen tanalýan “Amatly ideg” kanunynyň kabul edilmeginiň 12 ýyllygyny bellemek üçin sişenbe güni Ak tama geldi; Emma bu dabaranyň çap edilen suratlary kibernetik giňişlikde öz beýanyny tapdy.

Suratlar Obamanyň çykyşyndan soň Ak tamyň gündogar otagynda beýleki tarapdarlary we syýasatçylary bilen elleşýändigini we şol bir wagtyň özünde Jo Baýdeniň aljyraňňy we geň galýandygyny görkezýär.

Bu suratlar köp reaksiýalary döretdi käbir adamlar ABŞ-nyň prezidentiniň Ak tamda öňki başlygynyň bolmagynyň kölegesinde äsgerilmeýän we ýitirilen ýaly görünýär diýip yglan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Angela Merkeliň iň köp satylan kitaby
Baýden Iň Pes Goldawy Alan Prezident Boldy
Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi
Prezidentleriň duşuşygy başlady
ABŞ-nyň iň uzyn adamy aradan çykdy
Owganystanyň häzirki ýagdaýy Russiýanyň, Hytaýyň hem ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bolan gatnaşygyny nähili üýtgeder?
ABŞ we Owganystandaky DAEŞ-dan ar alyş talaplary