Oba ýaşaýjylary Altyn Asyrdan’ peýdalanmak üçin etrap merkezine gitmeli bolýarlar

Oba ýaşaýjylary Altyn Asyrdan’ peýdalanmak üçin etrap merkezine gitmeli bolýarlar

Türkmenistanyň serhetýaka obalarynyň ýaşaýjylary “Altyn Asyr” kompaniýasynyň mobil aragatnaşyk ulgamynyň hiliniň pesliginden şikaýat edýärler. Ýaşaýjylar ýurduň gür ilatly ýerlerinden çetleşeniňde, aragatnaşygyň ýitýändigini, ne jaň edip bolýandygyny, ne-de mobil Internetden peýdalanyp bolýandygyny aýdýarlar.

Lebabyň çetki obalarynyň ençeme ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň gündogar welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeşlikde özleriniň ýurduň beýleki künjegindäki dogan-garyndaşlary bilen habarlaşmak üçin ençeme kilometr uzaklykdaky etrap merkezine gitmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler. “Bu ýagdaýa, hususan-da serhetýaka obalarynda duş gelse.

Biziň obamyz goňşy Owganystanyň golaýynda ýerleşýär.Obamyzyň ýaşaýjylary mobil telefonlaryndan peýdalanmak üçin her gezeginde etrap merkezine gitmeli bolýarlar.Bu ýagdaý gündiz bolsa ýene ýagşy, ýöne gijelerine gyssagly habarlaşmaly bolanyňda gaty kyn bolýar” diýip, özüni Muhammet diýip tanyşdyran lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Ol öz obasy bilen etrap merkeziniň arasynda transport, awtobus gatnawynyň hem ýola goýulmandygyna ünsi çekip, etrap merkezine gitmek üçin öňünden hususy taksiler bilen habarlaşmaly bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän obanyň ady we ýerleşýän ýeri barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar. “Bu bir tarapdan, goşmaça çykdajy bolýar.Beýleki tarapdan, hem hususy taksiler käte gerekli wagtynda etrap merkezine gitmeýär. Şonda öz wagtynda habarlaşyp hem bilmeýärsiň” diýip, Muhammet belledi.

Ol, 2017-nji ýylda “MTS” mobil aragatnaşyk ulgamy ýurtdaky işini togtadýança, bu kompaniýanyň hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanandyklaryny hem sözüniň üstüne goşdy.Belläp geçsek, MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda kesilipdi. Şondan bäri “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kompaniýasy öz ugry boýunça ýurtda ýeke täk monopoliýa bolmagynda galýar.

Galyberse-de, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran Lebapdaky habarçymyz “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň şäher merkezlerinde hem kadaly işlemeýändigini, Internet hyzmatlarynyň doňmagy, kesilmegi ýaly näsazlyklaryň häli-şindi gaýtalanýandygyny aýdýar.

Türkmen mediasy “Türkmen Älem 52oE” hemrasynyň Garagum çölünde ýerleşen alysdaky şäherçeleri hem-de ýurduň çetki obalaryny hem aragatnaşyk bilen üpjün edendigini wagtal-wagtal mälim edýär.Emma ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Bu aralykda, soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri söz azatlygyna garşy çärelerini güýçlendirýärler we ýurduň içindäki hem-de daşyndaky wakalar barada garaşsyz hem obýektiw maglumat almak isleýän türkmenistanlylaryň hukuklaryny basyp ýatyrmak boýunça tagallalaryny artdyrýarlar. Şu ýylyň fewral-sentýabr aýlary aralygynda Lebap, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Internetden peýdalanýan ýaşaýjylar “VPN” we “Psiphon” proksi serwerleri arkaly Türkmenistandaky petikli saýtlara girjek bolanlarynda, özleriniň Internet, şol sanda WiFi arabaglanyşygynyň kesilýändigini ençeme gezek habar berdiler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan internet ulanyjylaryň pikirine görä, Türkmenistanda Internetiň hiliniň pesligi we ondaky näsazlyklar diňe bir ýerli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki mümkinçilikleriniň çäkliligi bilen bagly bolman, eýsem häkimiýetleriň ýurduň ilatynyň maglumat elýeterliligini çäklendirmek boýunça çäreleriniň netijesi bolmagy ähtimal.

Emma muňa garamazdan, şu günler Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan türkmenistanlylaryň ençemesi, şol sanda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary ýurtda petiklenen saýtlara we sosial ulgamlara girmek, şeýle-de biz bilen habarlaşmak üçin özleriniň “Altyn Asyr”, ýagny “TMCell” we “AŞTU” operatorlary arkaly “VPN” we “Psiphon” proksi serwerlerinden peýdalanmagy dowam etdirýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň maglumat edinmek hukugy ýurduň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda kepil geçilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Baş kanunynyň 38-nji maddasynda raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň goragy kepillendirilýär.Emma muňa garamazdan, ýurtda Facebook, Twitter, Wkontakte ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagynda galýar.

Ýene degişli makalalar

'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär
“Aşgabat 2017” türgenleri “bökdençsiz Internet” bilen üpjün ediler
Türkmenistanda Internet arzanlady, emma...
Türkmenistan dünýädäki “iň gymmat” we “haýal” Internetli ýurt
Türkmen žurnalistleri ýurtda senzuranyň ýokdugyny aýdýarlar
Berdimuhamedow Interneti ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy
Pravda Boxing: Gurbanow ― Seliwerstow tutluşygy haçan başlanýar?