Oba hojalyk önümleriniň möçberi artdyrylýar

Oba hojalyk önümleriniň möçberi artdyrylýar

Türkmenistanyň demirgazygynda şu ýyl ilkinji gezek güýzlük sogan köpçülikleýin ekildi.Daşoguz welaýatynda bu ekine bir müň gektar ýer bölünip berildi, olardan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Nowbahor daýhan birleşigi 500 ga, N.Andalyp we Şawat daýhan birleşikleri 400 ga ýere we hususy düzümleriň käbirleri, Gurbansoltan eje adyndaky etrapda sogan ekdiler.

Tohum hökmünde bu ekiniň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, sowuga we kesellere durnukly, ir ýetişýän görnüşleri saýlanyp alyndy.Baharda hasyl almak üçin ekarançylar güýzlük sogana dogry ideg etmek boýunça ylmy maslahatlara berk eýermegi göz öňünde tutýarlar.

Daşoguz welaýatynyň babadaýhanalary her ýyl gök-miwe, bakja ekinlerini ýetişdirmekde gowy netije gazanýarlar.Mysal üçin, Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýazda ekilen sogandan dokuz müň tonnadan gowrak hasyl alyndy.

S.A.Nyýazow adyndaky etrapda bäş ýarym müň tonnadan gowrak sogan ýygnaldy, beýleki etraplarda hem bu ekin ýeterlik derejede ýetişdirildi.Ekine ýaramly ýerleriň, görnüşleriniň ýerlikli saýlanylmagy, ony ýetişdirmäge häzirki zaman tehnologiýalarynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy ýokary hasyl almaga ýardam edýär.

Indi ýerli ekarançylar döwlet tarapyndan ýurduň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda sebitde öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini ep-esli artdyrmalydyrlar, şol sanda aralyk ekinlerden we giç güýzde ekilýän käbir ekinlerden ýokary hasyl almagy öwrenmelidirler.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynda kartoşkadan ýylda iki hasyl alynýar
Daşoguzly daýhanlar güýzlük sogan ekinleriniň mukdaryny artdyrýarlar
Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň ýokary hasyly ýetişdirildi
Daşoguz welaýatynda ýazky ýeralma ekişine başlandy
70-nji “Awtokombinat Gurtly” awtobus ugry üýtgediler
Paýtagtymyzdaky №70 belgili awtobus täze ugur boýunça hereket eder