14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär.
Welaýatlarda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar.Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär.Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş kärhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär.
Welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär.Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy.
Bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak üçin hem ähli zerur işleri geçirmegi, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzyň doly üpjün edilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigini belläp, maldarçylyk hojalyklarynda zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.