Ýurdumyzda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylygyny ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işler yzygiderli kämilleşdirilýär.Türkmenistan azyk bolçulygyny üpjün etmekde belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyz diňe bir azyklyk däl, eýsem, tohumlyk bugdaý ösdürip ýetişdirmekde hem uly üstünlikleri gazanýar.
Bu ugurdaky işler halkara derejede ykrarnama eýe bolup, Türkmenistan 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite sylagyna mynasyp boldy.
Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat oba hojalygy boýunça möhüm forumlaryň geçirilen merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzda Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda Serdar, Arkadag, Pyragy diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär. Täze belent sepgitlere, buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy, döredijilikli zähmeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ählisi güneşli Diýarymyzyň zähmetkeş halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir.Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy.
Zähmetsöýer daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir.Bol galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen, Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna ak altynyň tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürildi.
Maldarçylyk we guşçulyk pudagy-da ösdürilýär.Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar.Biz oba hojalyk toplumynyň ösüşini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys diýmek bilen, oba hojalyk pudagyna aýratyn üns berýär.
Oba hojalyk pudagynda ähli şertleri döredip berýän, şeýle uly üstünlikleriň, öňdengörüjilikli oba hojalyk özgertmeleriniň başynda duran hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Alymerdan AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.