Nýukasl Mançester Sitini ýaryşdan çykardy

Angliýanyň Liga Kubogynyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary oýnaldy.Tapgyryň merkezi oýnunda Nýukasl topary öz meýdançasynda Mançester Sitini Aleksander Isakyň 53-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda 10 ýeňip, ýaryşdan çykardy.

Nýukasl indiki tapgyrda Mançester şäheriniň beýleki wekili, kubogyň soňky eýesi Mançester Ýunaýted bilen duşuşar. Ýunaýted 3-nji tapgyrda Kristal Palasy 30 ýeňdi. Çempionatda şowsuz günleri başdan geçirýän Çelsi öz meýdançasynda Braýtony Jeksonyň goly bilen 10 utdy.

Edil şeýle netije Brenford bilen Arsenalyň arasyndaky oýunda-da hasaba alnyp, londonlylar Nelsonyň 8-nji minutdaky goly bilen ýeňiş gazandy.Liwerpul öz meýdançasynda Lesteri Gakpo, Saboslai hem-de Žotanyň gollary esasynda 31 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 4-nji tapgyryň duşuşyklary oktýabr aýynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Günorta Afrikadaky tupan sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Ýer güni bellenilýär
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary
2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi
15-nji noýabr