Nýu-Ýorkdaky Türk Öýünde Agzaçar Berildi

Nýu-Ýorkdaky Türk Öýünde Agzaçar Berildi

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş Konsullygynyň ýer eýeçiliginde, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň goldaw bermeginde berilen agzaçarda çykyş edenler umumy gymmatlyklara ünsleri çekdiler.

Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekili, İlçi Sedat Önal tapawutly dinlere uýýan adamlaryň tür köýünde jemlenşmegine öz hoşallygyny bildirdi.

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş Konsuly Reýhan Özgür bolsa agzaçar saçagynyň üç diniň mömünleriniň arasyndaky dostlugyň subutnamasydygyny beýan edip; “Bu agzaçar, şol bir wagtda-da adamzada garşy jenaýat kabul edilýän rasism, daşary ýurtly duşmançylygy, yslam duşmançylygy we ýehudi duşmançylygy howpuna berilen jogapdyr” diýdi.

Agzaçarda BMG-niň Medeniýetler ýaranlygy boýunça Ýokary wekili Miguel Moratinos bilen Nýu-Ýorkdaky Hahamlar geňeşiniň Başlygy Žozep Elie Weinstok we orunbarasy Žosep Potasnik, Amerilan Prowaslaw Baş ýepiskopy Elpidoporos we Ymam Şamsi Ali bilen dini liderler adamlaryn agzybirligi, jebisligi hakynda çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Türkiýe Asyrynyň Gahrymanlary Uly Hormat Bilen Hatyralanýar
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Ugradyldy
BMG Tarapyndan Idlibe Ynsanperwer Kömegi Berildi