6-njy fewralda bolan we “asyryň tebigy apaty” atlandyrylan merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde ejir çekenler üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde pannolarda ýüzlenmeler berildi.
Dünýä meşhur Taýms meýdanyndaky pannolarda Türkiýedäki ýer titremelerinde ejir çekenler üçin emosional ýüzlenmeler ýerleşdirildi.
Ýüzlenmelerde milli jebislige üns çekildi we halkara arkalaşyga kanagatlanma bildirildi.
Bildiriş pannolarynda “Asyryň tebigy apaty”, “Türkiýä goldawyňyz üçin sagbolsun aýdýarys”, “Türkiýe has-dajebisleşýär”, Ummydyňy ýitirme” we “Gam-gussa ýürekleriizi doldurdy” diýlen ýüzlenmeler ýerleşdirildi.