Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi

Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi

Nýu-Ýorkuň merkezinde Aýazbabalaryň däp bolup gelýän ylgaw ýaryşy geçirildi, Täze ýyl jadygöýüniň egin-eşigini geýnen ýüzlerçe adam geçen ýekşenbede şäheriň Manhetten etrabynda ýygnandy diýip, MIR 24 habar berýär.

Bu şatlykly çäre Santa-Kon diýlip atlandyrylýar. Her ýylky dabara katolikleriň Roždestwo baýramynyň (25-nji dekabr) öňüsyrasynda guralýar. Oňa islän adam gatnaşyp bilýär, munuň üçin ak ýakaly açyk-gyzyl possun geýmek ýeterlikdir. Şeýle çäre ilkinji gezek San-Fransisko şäherinde 1994-nji ýylda geçirilipdir.

Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçen hepdede Berlinde hem boldy, ýagny 900 adam Santa-Klauslaryň 13-nji ylgaw ýaryşyna gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylara 2,4, bäş we on kilometrlik aralygy saýlamaga rugsat berildi. Ýaryş tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylaryň ählisini gyşky glintweýn içgisi hem-de Aýazbabanyň şekilindäki şokolad bilen hezzetlediler.

Öň şeýle çäre Ýaponiýada hem geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Madridiň merkezinde müňlerçe Aýazbabalaryň ylgawy geçdi
Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi
Hindistanda çägeden we pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkeli ýasaldy
Serhoş Aýazbabalar ýoly ýapdylar
Kysmatyň oýny iň gowy daşary ýurt Roždestwo filmleriniň sanawyna girdi