Nýu-Ýorkda bölekleýin Aziýanyň liliýalary bilen örtüljek fasad bilen energiýa tygşytlaýjy Lilly diňi gurlar. Bina energiýanyň az sarp edilişi we daşky gurşawa minimal täsiri bilen tapawutlanar. Taslamanyň üstünde ABŞ-dan Studio Vural kompaniýasy işledi. Bu barada Dezeen habar berýär.
Bina 1923-nji ýylda gurlan gotika stilindäki American Radiator Building diňiniň gapdalynda ýerleşdiriler.Aziýanyň liliýalary baharda gyzyl, sary we mämişi reňkler bilen açylýarlar.Olar bütin ýylyň dowamynda ýaşyl öwüsýärler.
Bellenilişi ýaly, bu liliýalar sada bolandygy we aýratyn idegi talap etmeýändigi üçin saýlanyldy.Güller polat karkasyň kömegi bilen berkidilen ýeňil beton joýalara ekiler. Ösümlikler ýagyş suwy, şol sanda aryklar bilen suwarylar.
Suwaryş üçin dronlar hem ulanylyp bilner.