Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi geçirilýär

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi geçirilýär

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda ýokary derejeli duşuşyklaryň hepdesi başlandy. Kowid çäklendirmelerinden soň, Prezidentler, Hökümet Baştutanlary we daşary işler ministrleri wideoýüzlenme arkaly däl-de, ýüzbe-ýüz görnüşde gatnaşmak üçin BMG-niň ştab-kwartirasyna geldiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka gurama agza-döwletleriň 193-siniň hem wekilleri geldiler. Ýurtlaryň aglabasynyň döwlet we Hökümet baştutanlary geldiler diýip, BMG-niň resmi maglumat çeşmesinde habar berdiler.

Mejlisiň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we 77-nji sessiýanyň başlygy Çaba Kýorýoşi çykyş etdi.Soňra ministrler we wekiliýet ýolbaşçylary çykyş etdiler.Ilkinji günde çykyş edenleriň hatarynda Braziliýanyň, Senegalyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň we Fransiýanyň Prezidentleri bar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi 20-26-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Türkmenistan we BMG köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar
Ersin Tatar Guterrişiň Duşuşyk Teklibini Kabul Etdi
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi