Kaliforniýanyň birbada bäş şäheri Birleşen Ştatlaryň ýaşaýyş üçin iň gymmat ýerleriniň onlugyna girdi, olardan ikisi San-Hose bilen San-Fransisko hatda reýtingde Waşingtondan we Nýu-Ýorkdan öňe geçdi. Muny Doxo kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatlarynyň seljermesine esaslanýan gözlegi görkezdi diýip, Interfax.ru habar berýär.
Gözlegde hökmany aýlyk tölegler ipoteka, jaý kärendesi, kommunal tölegler, awtokarzlar boýunça tölegler, aragatnaşyk hyzmatlary we ätiýaçlandyryş üçin tölegler göz öňünde tutuldy.San-Hosedäki öý hojalyklary bu zerurlyklar üçin her aý $3151 töleýär bu aýda $1889 ýa-da ýylda $22 668 bolan ýurt boýunça ortaça görkezijiden 66,8% ýokarydyr.
San-Fransisko reýtingde ikinji orny, Waşington bolsa $2767 görkeziji bilen üçünji orny eýeledi.Nýu-Ýork dördünji orna Los-Anjelesi geçirip, bäşinji orunda ýerleşdi ($2674).Iň gymmat amerikan şäherleriniň onlugyna San-Diego, Boston, Sietl, Riwersaýd we Denwer hem girdi. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da iň uly 50 şäherden iň amatlysy Baffalo boldy bu şäheriň ýaşaýjylarynyň aýlyk tölegleri ortaça $1603 bolup, bu ýurt boýunça ortaça görkezijiden 15,1% pesdir.
Ikinji orny Pittsburg (aýda $1689), üçünji orny Kliwlend ($1709) eýeledi.Gözlegiň netijelerine görä, ýaşaýyş üçin iň amatly şäherler ABŞ-nyň günortasynda we Orta Günbatarynda ýerleşýär.