Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Ýygyndyny terjime etmegiň üstünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň alymlary işledi diýip, türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Ýygyndynyň köpçülige ýetirilmegi Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi atly ylmy-medeni maslahatyň çäklerinde guraldy. Çäre Hindistan Merkezi Aziýa gaznasynyň we Nýu-Delidäki Hindi halkara merkeziniň goldaw bermeginde geçirildi.

Ýylyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň alymlary nusgawy şahyryň eserlerini hindi diline terjime etmegiň üstünde irginsiz zähmet çekdiler. Munuň bilen ugurdaş şahyryň goşgularyny beýleki dillere, şol sanda Merkezi Aziýa respublikalarynyň milli dillerine terjime etmek işleri alnyp baryldy.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
BEÝIK AKYLDARLARYŇ PAÝHAS UMMANYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITAP
Türkmenistanda Filologiýanyň meseleleri žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy
Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak atly onlaýn duşuşyk geçirildi
MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOW WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASY
HALK MASLAHATY-JEBISLIGIÑ WE AGZYBIRLIGIŇ NYŞANY