Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi

Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi

Hindistanyň paýtagty Nýu-Delini kesip geçýän keramatly Ýamuna derýasynyň suwunyň ýüzi adamlaryň saglygy üçin howply bolan galyň zäherli köpürjik bilen örtüldi diýip, hünärmenlere salgylanýan Press Trust of India (PTI) gullugy habar berdi.

Hindistanyň paýtagtyny dolandyryjy Ýönekeý adamyň partiýasy şäheriň häkimliginiň ýagdaýa gözegçilik edýändigini mälim etdi.

Daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenleriň sözlerine görä, köpürjigiň düzüminde ammiagyň we fosfatyň ýokary derejesi saklanyp, adamyň saglygy, aýratyn hem dem alyş ulgamy hem-de derisi üçin örän howpludyr.

Ýamuna derýasy Gang derýasynyň iri şahalarynyň biridir. Onda şeýle zäherli köpürjik hali-şindi hasaba alynýar diýip, Report ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Biharda köpri ikinji gezek ýykyldy
Täze ýyl jaz sazlary: Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr saz muşdaklaryna meşhur aýdym-sazlary we täze sazlaryň üçüsini peşgeş etdi
Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
05.11.2019 | Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
Saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forumy tamamlandy
19.04.2018 | Saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forumy tamamlandy