NY Post: Tramp kazyýet çykdajylary sebäpli uçaryny satdy

NY Post: Tramp kazyýet çykdajylary sebäpli uçaryny satdy

Amerikanyň öňki Prezidenti Donald Tramp kazyýetdäki ýokary çykdajylary sebäpli özüniň şahsy uçarlarynyň birini satdy diýip, New York Post gazetine salgylanýan TASS habar berdi.

Gürrüň Trampyň Cessna Citation X kysymly uçary barada barýar. 10 million dollar bahalanýan bu uçary eýran asylly gurluşykçy işewür we Trampyň saýlawlaryny maliýe taýdan goldaýan Merdad Moaýedi satyn aldy.

Tramp häzirki wagtda birgiden jenaýatlarda aýyplanyp, kazyýet seljerişliklerine gatnaşýar. Öň Bloomberg neşiri onuň serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen bagly aklawçylaryna hak tölemekde kynçylyk çekmeginiň mümkindigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Amerikaly alymlar itleriň garramagyna garşy derman döretdiler
Mosartyň öýi satuwa çykarylýar
Amerika ýabany ýekegapanlar howp salýar
Awstriýada Mosartyň öýi satuwa çykarylýar
Fransiýada sygyrlara molamaga kanun taýdan rugsat berdiler