Nvidia kompaniýasynyň başlygy programma düzüji däl-de, oba hojalykçy bolmagy maslahat berdi

Nvidia kompaniýasynyň başlygy programma düzüji däl-de, oba hojalykçy bolmagy maslahat berdi

Kompýuter programmalaryny düzüji däl-de, oba hojalyk ugrundan bilim almak gerek diýip, dünýäde iň gymmat tehnologiýa kompaniýalaryň biriniň başlygy ýaşlara maslahat berdi. Grafiki prosessorlary we çipleri öndürýän Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang: Eger häzir kär saýlamaly bolsam, biologiýa ugrundan okap, oba hojalykçy bolardym diýdi. Bu barada Ren.tv ýazýar.

Onuň pikiriçe, golaý geljekde kodirlemek işini neýroulgam öz üstüne alar, munuň üçin diňe tehniki meseläni salgy bermek ýeterlik bolar. Ýeri gelende aýtsak, hut Nvidia emeli aň tehnologiýalarynyň okgunly ösmegine itergi beripdi, kompaniýa häzir hem emeli aň ugrunda ulanylýan çipleri öndürmekde esasy paý degişlidir.

Biziň maksadymyz kompýuter tehnologiýalaryny programmalamak bilen meşgullanmazlyk derejede ösdürmekdir. Programmalaşdyrmagyň dili adaty dil bolar, şonuň üçin islendik adam programma düzüp biler, emeli aňyň gudraty hem şundadyr diýip, Nvidia kompaniýasynyň baş direktory nygtady.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?
Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär