Nvidia dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Grafiki prosessorlary öndüriji Nvidia kompaniýasy dünýäde iň gymmat jemagat kompaniýasy boldy diýip, 24KZ ýazýar.Korporasiýanyň bazar kapitalizasiýasy 3 trillion 340 million dollara deň boldy.Soňky bäş ýylda onuň bahasy 35 esse gymmatlady.

Netijede, tehniki läheň öň bu ugurda öňdeligi saklap gelen Microsoft we Apple kompaniýalaryndan öňe geçmegi başardy.Gazna indeksleriniň maglumatlaryna laýyklykda, kärhananyň paýnamalary 2023-nji ýylda 174 göterim gymmatlady we bu üstünlik emeli aň ulgamyny ösdürmegiň hasabyna gazanyldy.

Gürrüň çipleriň we EA serwerlerine hyzmat etmek üçin enjamlar barada barýar diýip, bilermenler belleýärler.Olar Nvidia kompaniýasynyň bazar bahasynyň şu ýylyň ahyryna çenli 4 trln dollardan geçjekdigini, 2025-nji ýylda 5 trln dollara ýetjekdigini çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň gymmat kompaniýa agzaldy
Gaýtadan birinji boldy
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Täze rekord goýdy
Täze sepgide ýetdi