Nutrisiolog çişligiň peýdaly taraplary barada gürrüň berdi

Nutrisiolog çişligiň peýdaly taraplary barada gürrüň berdi

Çenini bilip iýseň, çişligiň zyýanyndan peýdasy kändir. Bu barada RF-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň sagdyn iýmitlenmeginiň medeniýetini kemala getirmäge we ösdürmäge ýardam bermegiň Biziň çagalarymyzyň saglygy milli bileleşiginiň prezidenti, nutrisiolog Olga Panowa gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu meşhur tagam — aminokislotalaryň, beloklaryň we demriň çeşmesidir. Şeýle hem onuň düzüminde nerw ulgamyna oňyn täsir edýän B witaminler topary bar. Çişlik saglyga zyýan bolmaz ýaly, Panowa eti otda köp saklamazlygy maslahat berýär, çünki şeýle edilende onuň daşynda saglyga zyýanly kanserogenleri saklaýan ýanan gabyk emele gelýär. Şol bir wagtda çişligiň beloga baý iýmitdigini hem ýatdan çykarmaly däldir, ol köp iýlende zyýanlydygy onuň siňmesiniň kyndygy bilen baglydyr. Şonuň üçinem ony her hepde däl-de, baýramçylyk günlerinde we az mukdarda iýmeli.

Panowa çişligi eliň aýasyndan uly bolmadyk mukdarda iýmegi maslahat berýär.

Ýene degişli makalalar

Lukman agşamlyk nahardan ýüz öwürmegiň howpludygyny duýdurdy
BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasy Türkmenistana barmaga synanyşýarka, BMG-niň resmileri ýurtda Welosiped gününi belleýär
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we wideokonferensiýalar geçirildi
Türkmenistanyň — Bitaraplygyň mekanynyň daşary syýasaty
Türkmenistan durnukly ösüş ugrunda BMG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
15.01.2020 | Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda
Türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygy wajyp senedir