Hytaýyň Ylym ministrligi nusgawy sazlaryň bejeriş aýratynlyklaryny ýüze çykardy. Bu barada mymsk.online habar berdi.
Nusgawy sazlar diýlende, bu ýerde diňe Wolfgang Motsartyň, Iogan Bahyň we Lýudwig Bethoweniň...eserleriniň göz öňünde tutulmaýandygyny bellemek gerek.Wuhan Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Sungat terapiýasy gözleg merkeziniň müdiri Çžan Ýunyň aýtmagyna görä, beýik kompozitorlaryň sazlary adama dürli-dürli täsir edýär.
Munda hemme zat, ilkinji nobatda, sazyň ritmine, owazlylygyna (tonallygyna), tempine, şeýle hem sazyň tembrine bagly bolup durýar. Şu aýratynlyklaryna baglylykda, saz adamy joşuryp ýa-da rahatlandyryp, gan basyşy peseldip ýa-da ýüregiň urşuny sazlap bilýär. Şeýle hem Çžan Ýun häzirki wagtda suwuň şildirdisi, tolkunlaryň güwwüldisi, ýapraklaryň şygyrdysy ýaly seslerden ybarat sazlaryň bu babatda işjeň ulanylýandygyny aýtdy.
Bu sesler ullakan gipnotiki we meditatiw täsirlere eýe diýip, hünärmen belledi.