Nusgawy sazlary döreden kompozitoryň 250 ýyllygy mynasybetli konsert

Nusgawy sazlary döreden kompozitoryň 250 ýyllygy mynasybetli konsert

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli şeýle hem belli nemes kompozitory Lýudwig wan Bethoweniň döredijiliginiň 250 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa konserti geçirildi.

Konserwatoriýada türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi bilen bir hatarda daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň döredijiligine bagyşlanan dabaralaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.Konsertiň dowamynda kompozitoryň döredijiligi barada konserwatoriýanyň uly mugallymy sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Agajan Açylow gyzykly gürrüňler berdi şeýlede ussadyň döreden ajaýyp eserleri halypa mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle mümkinlikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Wenanyň meri we gubernatory Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Wena balyna gutlag
Wiolençelçi Alekseý Wasilýew bilen pianinoçy Wladimir Mkrtumow çykyşyny Beýik Ýeňşe bagyşladylar
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Baky saz ýaňlanar...
Bethoweniň sazyny ýazar
Konsertmeýsterler ussatlygynyň Täze ýyl konserti