Nurmagomedowa bir söweş üçin 100 million dollarlyk teklip edildi

Nurmagomedowa bir söweş üçin 100 million dollarlyk teklip edildi

UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdel-Aziz dagystanly pälwana gelen iň täsin teklip barada amerikan metbugatyna gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, Nurmagomedowa bir söweş üçin 100 million dollar teklip edildi diýip, bookmakers-rank.ru habar berýär. Ali Abdel-Aziz Habib bilen ýeňilmezek amerikaly boksçy Floýd Maýwezeriň arasynda boks tutluşygy barada gepleşikleri geçirendigini aýtdy.

Habib Nurmagomedow MMA-da 29 söweş geçirdi we 29 ýeňiş gazandy. Floýd Maýwezer hem ringe 50 gezek çykyp, 50 professional boks söweşinde ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Tramp Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada wada berdi