Nur-Sultanda türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi

Nur-Sultanda türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi

2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Nur-Sultan şäherinde Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ermuhambet Konuspaýew Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen duşuşdy.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Şeýle-de 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde geçiriljek möhüm syýasy çärelere türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada maslahatlaşyldy.

Olaryň hatarynda GDA-nyň sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti we beýleki halkara çäreler bar.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat edaralarynyň çäginde bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Gazagystanda geçiriljek halkara sammitlere gatnaşar
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Serdar Berdimuhamedow Gazagystana sapar bilen bardy
Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy
Gazagystan ýurduň paýtagtynyň öňki Astana adyny dikeltdi