Her bir bellenilip geçilýän baýramçylykda myhmandyr dost-doganlary üçin saçagyny giňden ýazyp, ony naz-nygmatlar bilen bezemek türkmen halkynyň asylly däbi. Täze ýylyň bosagasyndaky häzirki günlerde-de öý bikeleriniň köpüsi baýramçylyk saçagyny bezemek üçin gerekli bolan önümleri almak barada oýlanýan bolsalar gerek.
Nur haryt nyşanly duzlanan hyýardyr pomidor, şeýle-de beýleki şu hili önümleriň dürli görnüşlerini Owadan Ülke hojalyk jemgyýeti alyjylara hödürleýär.
Nur haryt nyşanly duzlanan gök önümler özbaşdak iýmit hökmünde, şeýle-de assortileri we oliwýeden winegrede çenli dürli hili gyş işdäaçarlaryny taýýarlamakda örän gowy önümlerdir. Kitirdäp duran hyýarlar we datly pomidorlar diňe bir uly ýaşlylaryň däl, eýsem, çagalaryň hem göwnünden turýar.
Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda marinadlanan hyýarlar, marinadlanan sarymsak, pomidorlar, şol sanda ýaşyl pomidorlar ýaly gaplanan gök önümler, şeýle-de gök önüm assortileri, pomidor şiresi, gaplanan nohut, ajika ýaly önümleriň öndürilýändigini bellemek bolar.
Kärhananyň giň önümçiliginde uzak möhletleýin ýaramlylygy bolan ýigrimiden gowrak önüm görnüşleri bar. Bu ýerde gaplamak üçin Türkmenistanda ýetişdirilen gök-bakja önümlerinden peýdalanylýar. Marinadlanan hyýarlardyr pomidorlar we beýleki gök önümler ýerli önümçiligiň aýna gaplaryna gaplanýar.
Duzlanan gök önümleri kadaly iýmegiň iýmit siňdiriş ulgamynyň gowulaşmagyna täsir edýändigini bellemek gerek. Eýsem, Täze ýyl günlerinden soň, köpleriň iýmit siňdiriş bilen bagly saglyk meselelerinden zeýrenýändigi mälimdir.
Owadan Ülke kärhanasynyň gaplanan önümleri amatly bahanyň ýokary hil bilen sazlaşygydyr.
Şeýle-de okaň: