Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin tarapyndan kabul edildi.
Numan Kurtulmuş Kremlde bolan kabul edilşikde üç gün dowam eden saparynyň netijeli geçendigini aýtdy.
Numan Kurtulmuş, Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän dartgynlyga, Ysraýylyň hüjümlerine we Ysraýylyň diňe palestin halkyna däl eýsem tutuş sebitiň halkyna garşy başladan söweşine garşy Russiýa bilen Türkiýäniň şol bir garaýşa eýe bolandygyny ýene-de bir gezek tassyklandyklaryny belledi.
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bolsa, “Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ykdysady hem-de sosial taýdan, daşary işler ministrligi derejesinde üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini nygtamak isleýäris. Umuman alnanda biz goňşy ýurtlar hökmünde halklarymyzyň, ýurtlarymyzyň bähbidine laýyklykda hereket edýäris we gatnaşyklarymyz pugtalanýar” diýdi.
TBMM-niň başlygy Kurtulmuş Moskwa guran saparynyň çäginde Rus parlamentiniň aşakky ganady Döwlet Dumasynyň başlygy Wlaçeslaw Wolodin bilen hem duşuşdy.