Türkiyaniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş, häzirki dünýä ulgamynyň uruşlaryň we çaknyşyklaryň öňüni alyp bilmek ukybyny ýitirendigini aýdyp, täze bir ulgamyň döredilmegi barada çagyryş etdi.
Numan Kurtulmuş, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde şol bir wagtyň özünde Tanzaniýa Parlamentiniň Başlygy hem bolan Parlamentara Birleşigiň başlygy Tuliýa Akson bilen duşuşyk geçirdi.
Dünýäniň köp sebitlerinde çaknyşyklaryň, dartgynlyklaryň dowam edýändigini, olara gynanýandyklaryny aýdan Kurtulmuş, dünýä ulgamynyň bu dartgynlyklaryň, çaknyşyklaryň, uruşlaryň, adalatsyzlyklaryň öňüni alyp bilmek ukybyny ýitirendigini gördüklerini beýan etdi.
Numan Kurtulmuş, halkara parlament platformasynyň, global parahatçylygyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygy, täze global ulgamyň döredilmegi üçin hem pikir alyşmalara dowam etdiriljekdigine ynanýandyklaryny beýan etdi.