Numan Kurtulmuş TBMM-de 2025-nji ýylyň býujet bilen bagly gepleşikleriň açylyşynda çykyş etdi.
"Azat we deokratik bir Siriýanyň gurluşygy üçin Türkiye hökmünde öz egnimize düşýänleri ýerine ýetirmek üçin tagalla ederis" diýip aýdan Numan Kurtulmuş: "Türkiye üçin esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hem, ençeme ýyl bäri biziň ýurdumyzda myhman bolan immigrantlaryň abraýly we howpsuz gaýdyp barmaklaryny üpjün etjek etabyny çaltlaşdyrmakdyr" diýip belledi.
Siriýada 27-nji noýabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň gerimi giňäpdi.
Paýtagt Damask şäherine 7-nji dekabrda girmäge başlan toparlara halk köpçüliginiň hem goldaw bermegi bilen režim, ol ýerde we ýurduň beýleki ençeme ýerinde gözegçiligi elinden aldyryp, dolulygyna çöküpdi.
Düýn bolsa Baas partiýasynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanmagy bilen birlikde, režimiň lideri Başar Asad ýurduň paýtagtyndan gaçypdy.