Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiniň başlygy Muhammed Bakyr Kalibafa, TBMM-niň we türk halkynyň adyndan gynanç bildirdi.
TBMM-den berlen beýannama görä, resmi sapar bilen Gazagystana giden Kurtulmuş, Gazagystanyň Türkistan şäherinde Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Kurtulmuş, öňňin dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen birlikde ýolbaşçylar üçin gynanç bildirdi.
Numan Kurtulmuş, “TBMM-niň adyndan, halkymyzyň adyndan dost we doganlyk ýurt eýranyň halkyna uly gynanç bildirýärin we sabyr dileýärin”diýip belledi.