Numan Kurtulmuş Döwlet Dumasynyň Başlygy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Numan Kurtulmuş Döwlet Dumasynyň Başlygy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Wolodin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mejlisiň başlyklygyndan berlen beýannama görä, Wolodin telefon söhbetdeşliginde, TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuşy 28-29-njy noýabrda Russiýada geçiriljek “Terrora garşy göreş”konferensiýasyna çagyrdy.

Çakylyk üçin sag bolsun aýdan Numan Kurtulmuş, sentýabr aýynda wekilçilikli parlament topary bilen birlikde Russiýanyň paýtagty Moskwa resmi sapar gurajakdyklaryny nygtady.

Kurtulmuş saparyň çäginde konferensiýa üçin görülýän taýarlyklar we özara gatnaşyklar hakynda giňişleýin pikir alyşjakdyklaryny belledi.

Birnäçe ýurduň terror howpuna sezewardygyny aýdan Kurtulmuş, käbir uly güýçleriň terror guramalaryny wekilçilik söweşleriniň ulagy hökmünde ulanýandygyny nygtady.

Ysraýylyň 1 ýyla golaý wagt bäri Gazada hüjüm guraýandygyna ünsi çeken Kurtulmuş, şol hüjümleri berk ýazgarýandyklaryny ýatlatdy.

TBMM-niň başlygy Kurtulmuş, Ysraýylyň Eýranyň paýtagty Tähranda Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast etmeginiň döwlet terroryny açyk aýdyň ýagdaýda görkezýändigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýasemin Adar we Ahmet Duman Altyn Medal Aldy
Putin START Ylalaşygynyň Bes Edilmegi Hakyndaky Kanuny Tassyklady
ÝB-niň Russiýa garşy 10-njy sanksiýa bukjasy güýje girdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Eýran türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermegi teklip edýär