Duşuşykda ikitaraplaýyn we parlamentara gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.
TBMM-nyň başlygy Numan Kurtulmuş dostlukly iki ýurduň ähli ugurlar boýunça gowy gatnaşyklaryň bardygyny we olary has hem ösdürmegi tama edýändiklerini habar berdi.
Türkiyäniň Balkan sebitindäki iň ileri tutýan ugrunyň asudalyk, durnuklylyk we abadançylygyň goralmagydygyna ünsleri çeken Numan Kurtulmuş: "Sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagy üçin Çernogoriýa başda bolmak bilen Balkan sebitiniň ähli ýurtlary bilen işleşmäge dowam ederis" diýip beýan etdi.
Çernogoriýanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Erwin Ibrahimowiç hem öz gezeginde Türkiye bilen Çernogoriýanyň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň güýçlenip dowam etmegini tama edýändiklerini mälim etdi.