Numan Kurtulmuş Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Numan Kurtulmuş Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşdy.

Kurtulmuş, Ženewa Halkara konferensiýa merkezinde Parlamentara Bileleşigiň 149-njy Baş Assambleýasynyň çäginde, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlyklygyna gaýtadan saýlanan Gafarowa wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanmak bilen dowam etmegine kanagatlanma bildiren Kurtulmuş, sebitara we halkara meselelerde arkalaşykly hereket edýändiklerini nygtady.

Azerbaýjanyň 44 günlük Garabag ýeňişinden soň hem Kawkazdaky hem-de sebitdäki deňagramlylygyň üýtgändigini we bu ýagdaýyň türk dünýäsi üçin uly mümkinçilik hödürleýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Gafarowa hem Numan Kurtulmuşa ýagşy niýetli sözleri üçin sag bolsun aýtdy.

Gafarowa, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň ähli platformalarda birlikde hereket etmeginden hoşaldyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”
Ermenistanda Agdarlyşyk Synanşygynyň Öni Alyndy
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Azerbaýjanda Saparda Boldy
Azerbaýjan Hankendide ermeniler tarapyndan gurulan parlament binasyny ýumurýar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar