Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň 14-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa giden Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş iş saparyny dowam etdirýär.
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş maslahatyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär.
Numan Kurtulmuş Yragyň Wekiller mejlisiniň başlygynyň wekili Muhsin Ali Al Mendelawi bilen duşuşdy.
Duşuşykda parlamentara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Gafarowa bilen bolan duşuşygynda hem Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş, Aziýa Parlametarlar Assambleýanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa tabşyrdy.
Numan Kurtulmuş Täjigistanyň Wekiller Mejlisiniň Başlygy Mahmadtori Zokirzoda bilen hem duşuşdy.
Kurtulmuş duşuşykda Täjigistanyň Orta Aziýanyň esasy ýurtlaryndan biri bolandygy we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar taýdan Türkiýe üçin diýseň möhümdigini belledi.
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş iş saparynyň çäginde Omanyň, Bahreýniň, Taýlandyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň mejlis başlyklary bilen hem duşuşdy.